Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Älem” atly medeni dynç alyş merkezi döredilýär


TDH gullugynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Älem” atly medeni dynç alyş merkezini döretmek baradaky permana gol çekipdir. Permana laýyklykda, bu merkezi döretmek boýunça iş Aşgabadyň häkimligine tabşyrylypdyr.

Maglumata görä, “Älem” merkezini döretmek bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň medeni dynç alyşlaryny ýokary derejede gurnamaklyk göz öňünde tutulýar.

Merkeziň işini we ol baradaky düzgünleri bir aýyň içinde taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG