Sepleriň elýeterliligi

Türk esgerleri bäş kürt gozgalaňçysyny öldürdiler


Türkiýäniň döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, kürt köplüginiň ýaşaýan ýeri bolan Türkiýäniň günorta-gündogarynda sişenbe güni türk howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda bäş kürt gozgalaňçysy öldürilipdir.

“Anadoly” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, “Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň” (PPK) bäş söweşijisi, şol sanda iki aýal Bitlis welaýatynyň Tatwan şäherinde öldürilipdir.

Bu wakadan bir gün öň goňşy Sirt welaýatyndaky çaknyşykda iki gozgalaňçy öldürildi.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, söweş adatça ýaz aýlarynda Yrak-Türk serhedindäki daglyk raýonlarda garyň eremegi bilen möwj alýar.

Ankara we Waşington PPK-ny terrorçy gurama hasaplaýar. Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky bu gurama 1984-nji ýylda ýaraglanyp, regionda 45 müň adamyň ölümine sebäp boldy diýilýän dawany emele getirdi.
XS
SM
MD
LG