Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow kadrlar meselesine degdi


Berdimuhamedow Abadan şäherindäki hususy kärhanada, 2010-njy ýyl.

Berdimuhamedow Abadan şäherindäki hususy kärhanada, 2010-njy ýyl.

Ýaşy 30-dan geçen Rozybaý Jumanyýazow ençeme ýyldan bäri Türkiýede ýaşap, şol ýerde işläp ýör. Onuň dogduk ýurdy – Türkmenistany terk edip, daşary ýurda çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de Türkmenistandaky işsizlik bolupdyr.

Rozybaýyň aýtmagyna görä, häzir başga-da köp sanly türkmenler Türkiýede zähmet çekýärler. Zähmet migranty şol adamlaryň arasynda ýokary bilimli, hünär taýýarlykly adamlaryň bardygyny-da belläp geçýär.

“Türkmenistanda öz işine gül saljak, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly adamlar daşary ýurtlarda gara işlerde zähmet çekip ýörler” diýip, Rozybaý aýdýar. “Olaryň arasynda Türkmenistanda öz ugry boýunça 15-20 ýyl çemesi wagt işläp, şondan soň bäri gelen adamlaram bar”.

Rozybaýyň sözlerinden çen tutulsa, şol adamlar Türkmenistandaky işsizlik sebäpli, gün-güzeranyny aýlamak üçin, mejbury ýagdaýda diýen ýaly ýurtdan çykyp gaýtmaly bolupdyrlar.

Prezident nägile

Şol bir wagtyň özünde-de türkmen resmileri ýurtdaky alnyp barylýan işlere hünär taýýarlykly spesialistleriň çekilmeýändigini, iş orunlarynyň boş durandygyna aýdyp, bu ýagdaýdan nägilelik bildirýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji maýda geçiren wideo-maslahatynda ýurduň Balkan welaýatynda işleriň wagtynda amala aşyrylmandygyny belläp, munuň sebäbiniň kadrlar meselesi bilen baglydygyny öňe sürdi.

“Welaýatdaky edara-kärhanalaryň orta we ýolbaşçy wezipelerine ýokary hünärli, başarjaň işgärler çekilmändir” diýip, Berdimuhamedow aýtdy. “Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk bölüminde 69 sany hünärmene derek, diňe 36 sany işgär işleýär. Boş duran iş orunlaryna başarjaň we ökde hünärmenleri işe almak boýunça zerur işler geçirilmändir”.

Sebäbi näme?

Maslahatda ýokary hünärli spesialistleriň näme sebäpden işe çekilmändigi, şeýle-de haýsy iş orunlarynyň boş durandygy barada maglumat berilmese-de, käbir ýaşaýjylaryň pikiriçe, muňa işe ýerleşmek üçin para-peşgeşiň soralmagy sebäp bolýar. Şeýle pikiri öňe sürýänleriň biri-de Rozybaý.

“Türkmenistanda diplomyň bolsun-bolmasyn, tapawudy ýok, ähli zat para ýatdy” diýip, Rozybaý aýdýar. “Para bermäge puluň bolsa, onda diplomyň bardygyna-ýokdugyna garamazdan, hökümet edarasynda işläp bilersiň. Puluň ýok bolsa, onda nähili bilimiň bolsa bolsun, seni köplenç hökümet edarasyna alanoklar”.

Rozyýbaýyň nygtamagyna görä, para berip wezipe kürsüsine geçýän adamlaryň köplenç öz ugurlaryndan ýeterlik bilimi ýok, şol sebäpden hem Türkmenistandaky alnyp barylýan işler talaba laýyk edilmeýär.

“Ýeterlik kadrlar bar, ýol ýok”

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor Artýom Ulunýan hem Türkmenistanda hünär taýýarlykly adamlaryň iş orunlaryna alynmaýandygyna ünsi çekýär.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert prezidentiň bu ugurdaky ýagdaýlara alada bildirmeginiň oňat yşaratdygyny aýdýar. Emma ol bu meseläni çözmek üçin anyk işleriň alnyp barylmalydygyny, bolmasa geljekde kadrlar meselesiniň Türkmenistan üçin uly kynçylyk bolup biljekdigini hem duýdurýar.

“Bu taýda esasy kynçylyk bilimiň ýetmezçiligi bilen bagly däl. Köp adam ençeme dili bilýär, olar daşary ýurtlarda hem bilim alyp, olaryň degişlilikdäki diplomlary-da bar” diýip, Ulunýan aýdýar. “Esasy kynçylyk – tanyş-bilşiň bolmasa, wezipe basgançygyna çykmagyň çäkli bolmagydyr. Ine, şu hem esasy tragediýadyr.”

7-nji maýda geçirilen maslahatda prezident Berdimuhamedow iş orunlarynyň boşdugyny aýdyp, hünär taýýarlykly spesialistleriň işe çekilmegi bilen bagly meseleleri çözmäge görkezme berse-de, onuň anyk edilmeli işler barada aýdanlary metbugatda habar berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG