Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ boýunça pozisiýasyny kesgitledi


Putin Kremlde geçirilen inaugurasiýa dabarasyndan soň, Moskwa, 8-nji maý.
Putin Kremlde geçirilen inaugurasiýa dabarasyndan soň, Moskwa, 8-nji maý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin prezidentlik wezipesine resmi taýdan geçen badyna döwlet işlerine başlady. Ol, hususan-da, Moskwanyň Waşington bilen gatnaşyklaryna degişli permana gol çekdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken permanyna görä, Moskwa Waşington bilen has ýakyn gatnaşyk gözlemekçi, emma şol bir wagtda-da ol öz içerki işlerine goşulmaklyga ýol bermekçi däl.

Putiniň 7-nji maýda 3-nji sapar prezidentlik wezipesine geçmeginden sanlyja sagat geçip-geçmänkä gol çeken permanyna görä, Moskwa NATO-nyň raketadan goranyş sestemasynyň Orsýete gönükdirilmeýänligini ABŞ-nyň “ynamly kepillendirmegini isleýär”.

Permanda Moskwanyň Waşington bilen gatnaşyklaryny “strategik derejä çykarmak” isleýänligi, emma bu gatnaşyklaryň deňlige we birek-birege hormat goýmaklyga esaslanmalydygy hem bellenýär.

Putiniň bu permany şu aýyň aýagynda Birleşen Ştatlarda boljak “Uly sekizligiň” we NATO-nyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň öňüsyrasyda Barak Obama bilen geçiriljek gepleşiklerden ozalky resmi beýannama bolup durýar.

Potensial howplara garşy durmak

Waşington 2020-njy ýylda işe girizjek bolýan daşarky hüjümlerden goranyş sistemasynyň “ýaramaz ýurtlar” tarapyndan potensial howplara garşy durmak üçin niýetlenilýänligini aýdýar. Moskwa bolsa bu sistemanyň 2018-nji ýylda Orsýetiň raketalaryny tutup almaga ukyply boljagyny belleýär.

Orsýetiň Baş harby ştabynyň ýolbaşçysy Nikolaý Makarowyň 3-nji mayda aýtmagyna görä, Orsýet NATO-nyň goranyş sistemasyna garşy durmak üçin öz Kaliningrad regionynda ýakyn aralyga niýetlenen raketalary ýerleşdirip biler. Şeýle-de Makarow proýekt dowam etdirilse, Orsýetiň Ýewropadaky sistema garşy öňüni alyjy prewentiw zarba urmak meselesine hem garap biljegini-de belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dokladçysy Mark Toner muňa jogap hökmünde eden çykyşynda NATO-nyň goranyş sistemasynyň ýurtlaryň arasyndaky deňagramlylygy üýtgetmejegini nygtady.

Amerikan resmisi Orsýetiň NATO-nyň raketadan goranyş sistemasyna jogap hökmünde çäre görmegi üçin hiç hili esasyň ýokdugyny belledi. Ol ABŞ-nyň Orsýetiň strategiýa taýdan täsirliligini gowşatmaga hiç hili niýetiniň, isleginiň ýa ukybynyň ýokdugy barada köp ýyl bäri aýdyp gelýänligini hem nygtap geçdi.

Ors raýatlaryna garşy sanksiýalar

Putiniň gol çeken permanynda aýdylşyna görä, Orsýet “ABŞ-nyň Orsýetiň raýatlaryna we şirketlerine garşy birtaraplaýyn sanksiýalarynyň öňüni almak üçin aktiw hereket etmekçi”.

Bu beýannamanyň, amerikan Kongresiniň orsýetli aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümine sebäpkär hasaplanýan ors resmileriniň amerikan banklaryndaky hasaplaryny doňdurmak meselesine garamagy bilen bagly bolmagy mümkin. Moskwa şeýle sanksiýalaryň Orsýetiň ABŞ bilen gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljegini öňem duýdurypdy.

Putiniň permanynda Orsýet-ABŞ gatnaşyklaryndan başga-da daşary syýasy meseleler gozgalýar. Hususan-da, Moldowanyň Prednestrowýe regionyndaky territorial dawa, 2008-nji ýylda Gürjüstandan garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýa we Günorta Osetiýa, şeýle-de Daglyk Garabag regionynyň geljegi we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar barada Orsýetiň planlary mälim edildi.
XS
SM
MD
LG