Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pöwrize halk üçin ýapyk zona öwrüldi


Pöwrizede, 2012-nji ýylyň maý aýy.
Pöwrizede, 2012-nji ýylyň maý aýy.
Pöwrize, häzirki resmi ady bilen aýdylanda Arçabil, dört tarapy dag, çynardyr we beýleki saýaly baglara bürenen şäherçe bolup, Türkmenistanyň tomus aýlarynda salkyn howasy, ýakymly tebigaty bilen at gazanan dynç alyş merkezlerinden biri hasaplanýar.

Aşgabatdan 30 kilometrlikde ýerleşýän bu şäherçe, sowet döwründe ýurtda diňe bir elitanyň däl, ýönekeý ilatyň, çagalaryň dynç alýan esasy merkezlerinden biridi. Pöwrizede ýerleşýän daçalar we çagalaryň dynç alýan lagerleri aýratyn hem tomus aýlarynda köp adamly bolardy.

Aşgabatly 56 ýaşly Baýmuhammet hem Pöwrizäniň öňki myhmanlarynyň biri. “Men her ýyl diýen ýaly Pöwrizede tomus aýlary Worowskiý adyndaky dynç alyş öýünde dynç alýardym. Biziň edaramyz bu ýerde dynç almak üçin ýörite putýowkalary hem berýärdi. Çagalarymam bu ýerdäki lagerlerde dynç alýardylar. Indi Pöwrize ýok” diýip, Baýmuhammet aýdýar.

Daçalardan başga-da 8 müň töweregi ýaşaýjysynyň bolanlygy çak edilýän Pöwrize öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe halk köpçüligi üçin doly ýapylyp, ýaşaýyş jaýlary, daçalar, çagalaryň dynç alyş lagerleri yzly-yzyna ýykylyp başlandy.

Onuň ýzy bilen Pöwrizäniň ady çalşylyp, Arçabil edildi. Arçabilde şol wagtky prezident Nyýazowyň rezidensiýasynyň gurulmagy bilen şäherçä barýan ýoluň ugrunda howpsuzlyk güýçleriniň barlag nokatlary dikeldilip, tutuş jülgäni prezidentiň özi eýeledi.

Nyýazow aradan çykandan soň, onuň salan gala-rezidensiýasy muzeý edilip, henizem halk arasynda Pöwrize diýlip tanalýan bu şäherçäniň halka gaýtarylyp beriljekdigi barada halk arasynda gürrüň peýda bolupdy. Emma bu gürrüňler diňe gürrüňligine galyp, Pöwrizedäki galan ýaşaýyş jaýlary hem 2010-nji ýylda göçürildi. Pöwrize goragly ýere öwrülensoň, halk indi ol ýere aňsatlyk bilen goýberilmeýär.

Pöwrizeden Abadana

Özüni Allamyrat diýip tanadan Pöwrizäniň öňki ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, 2010-nji ýylda şäherçäniň awtostansiýanyň ýanynda hem-de ondan ýokarda ýerleşýän we kürtleriň obasy diýlip atlandyrylýan 300-e golaý hojalykdan ybarat kiçiräk obajyk, şeýle hem prezidentiň rezidensiýasynyň gapdalyndaky 8 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylary göçürilipdir. Jemi 600-den gowrak hojalyk.

Ýöne Nyýazow döwründäki göçhä-göçlükden tapawutlylykda 2010-nji ýylda göçürilýän ýaşaýjylara täze ýaşaýyş jaýlarynyň berlendigini Pöwrizäniň öňki ýaşaýjysy Allamyrat aýdýar:

“Göçürilenlere Büzmeýin-gresiň ýanynda gurlan dört gatly mermer ýaşaýyş jaýlardan kwartiralar berildi. Bu jaýlarda hemme amatlyklar bar. Emma Pöwrize bilen deňär ýaly däl” diýip, Allamyrat aýdýar.

Göçürilýän ilata öz ýitgileriniň öwezini belli bir derejede ödäp biljek ýaşaýyş jaýlarynyň berlendigine garamazdan, Allamyrat Pöwrizäniň öňki ilatynyň bu göçhä-göçlükden nägile bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Pöwrizäniň ýaşaýjylary şol posýolokda ýyllar boýy ýaşap gelýärdiler. Pöwrizäniň klimaty hem başga ýeriňki bilen deňeşdirer ýaly däl” diýip, Allamyrat aýdýar. “Dogry, hemme amatlyklary bolan kwartira berdiler. Emma Pöwrizäniň howasy ýok. Ol ýerdäki ýaly howluly jaýym ýok. Gözenegiň içinde ýaşaýan ýaly”.

Dynç alyş merkezleri

Gökderede gurlan "Şöhle" dynç alyş merkezi
Gökderede gurlan "Şöhle" dynç alyş merkezi
Pöwrizedäki köpsanly dynç alyş öýleri we çagalar lagerleri hem ýumrulyp, ýok edildi. Ýaşy ulular üçin dynç alyş öýleriniň öwezi dolunmadyk bolsa-da, çagalar üçin dynç alyş merkezleri Pöwrizäniň golaýyndaky Gökderede (öňki ady Çüli) guruldy.

Çagalaryň dynç alyş merkezleriniň gurluşygy häzirem dowam edýär. Boşluk ýerde gurlan bu çagalar üçin dynç alyş merkezlerinde hemme amatlyklar bolsa-da, Pöwrizäniňki ýaly howa şertleriniň ýokdugyny bu dynç alyş merkezleriniň birinde işleýän 52 ýaşly Amanmyrat aýdýar:

“Mermerden gurlan bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç almagy üçin hemme durmuş şertleri bar. Emma Pöwrizedäki howa şertleri, günden goraýan saýaly bagçylyk ýok” diýip, Amanmyrat aýdýar. “Şonuň üçin, tomus aýlary dynç alýan çagalar köplenç jaýlaryň içinde saklamaly bolýar. Ýogsam, çagalary gün urýan halatlary köp bolýar”.

Öňler ýurduň iň bir meşhur dynç alyş merkezi bolan Pöwrize häzirki döwürde ýurduň iň bir ýapyk zonasyna öwrüldi. Pöwrizäniň içindäki we golaýyndaky baýyrlardyr, daglaryň depesinde esgerler nobatçylyk edýärler. Arçabil şaýolunyň ugrunda belli-belli aralykda ýola yşyk berýän fonar sütünlerinde wideokameralar goýuldy.

Garaşsyzlyk döwründe, esasanam paýtagt Aşgabatda weýran edilen jaýlar, ýykylan obadyr etraplar az bolmady, ýykylan jaýlaryň eýeleriniň käbirleri ýaşaýş jaýlary bilen üpjün edilen hem bolsa, jaýsyz kösenýänleriň hem bardygy häli-şindi il arasynda eşidilýär.

Emma Pöwrizäniň ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy Aşgabadyň töwereginde soňky ýyllaryň dowamynda jaýlaryň köpçülikleýin ýykylşy bilen bagly iň uly wakalaryň biridir. Adynyň agzalmagyny islemedik bir aşgabatlynyň sözi bilen aýdylanda, “Pöwrize, diňe bir adam üçin tutuş göçürilen şäherçe hökmünde halkyň aňynda galdy”.
XS
SM
MD
LG