Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň iki raýaty içalyçylyk edendigini boýun alýar


Owganystanyň häkimiýetleri Eýranyň haýryna içalyçylyk eden we Owganystanda terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmaga synanyşan iki adamy tussag etdiler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna bir anonim razwedka çeşmesinden ýetirilen wideo ýazgysynda Seid Kamal we Seid Hüsseýin atly Owganystanyň iki raýatynyň öz eden jenaýatlaryny boýun alýan pursaty görkezilýär.

Olaryň ikisi hem Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy tarapyndan türgenleşdirilýän owgan bosgunlarynyň "Sipah-i-Mohammad" toparyna degişlidiklerini aýdýarlar.

Bu iki adam hüjümleri amala aşyrmak we gizlin maglumatlary toplamak üçin agzalýan toparyň agzalarynyň Owganystana yzlaryna iberilýändiklerini aýdýarlar.

Kamal 2000-nji ýylda Owganystana yzyna iberilipdir. Ol agzalýan toparyň Eýranyň Rewolýusiýa sakçylaryna degişli ýarag zawodyndan ýarag bilen üpjün edilendigini aýdýar.

Wideo ýazgydaky pursatlar

Wideo ýazgyda Kamalyň dürli ýaraglar barada gürrüň berýän pursaty görkezilýär. Ol ýaraglaryň arasynda uzak aralykdan dolandyrylýan partladyjy enjamyň bir wagtda 20 bombany partladyp bilýändigini gürrüň berýär.

“Ine, bu elektrik taýmer. Bu örän duýgur enjam. Bu enjam bir wagtda 10-20 bombany şäheriň dürli künjeginde partlatmak üçin wagty kesgitleýär. Ony dürli interwalda goýup bolýar” diýip, Kamal aýdýar.

Kamal Rewolýusiýa gwardiýasynyň owganystanly, yrakly we liwanly söweşijileri toplap, olar bilen Eýranyň lagerlerinde, şol sanda Maşadyň, Zahidanyň, şeýle hem Tähranyň lagerlerinde türgenleşik geçýändiklerini aýdýar.

“Häzir olar adamlary örän aktiw ýagdaýda özlerine çekýärler. Olar dürli toparlar bilen örän aktiw işleşýärler. Olar Hezb-i-Islami toparyna täze adamlary toplaýarlar. Olar dürli ýerlerde "Talyban" söweşijilerini hem taýýarlaýarlar" diýip, Kamal aýdýar.

"Rewolýusiýa gwardiýasy owgan toparynyň agzalaryna ABŞ-nyň olara duşmandygyny we amerikanlary ýurtdan çykarmak üçin hereket etmelidiklerini aýtdylar" diýip, ele salnan beýleki owganly Husseýin aýdýar.

Husseýin Owganystanda gizlin maglumat toplamak bilen meşgullanypdyr. Şeýle hem ol Kabulda ýol partlamasyny amala aşyrmaga çalyşan toparyň hatarynda bolupdyr.
Kamal we Husseýin tussag edilmezinden öň, owgan häkimiýetleri başga-da bir owganlyny Eýranyň haýryna içalyçylykda aýyplap, ele saldylar.

Owganystanyň razwedka gullugy Eýranyň ýarym-resmi "Fars" habarlar gullugynyň Kabuldaky býurosynyň başlygy Abdolwahed Hakimi Eýrana döwlet syrlaryny aýan edenlikde aýyplap, tussag etdi.

"Fars" habarlar gullugy Hakimiň şenbe güni tussag edilendigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG