Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: CIA "Al-Kaýdanyň" uçar hüjüminiň öňüni aldy


Amerikan resmilerine görä, öňi alnan hüjüm synanyşygynda ele salnan bomba 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda nigeriýaly Umar Faruh Abdylmutallybyň Detroýt şäherine barýan uçarda partlatmaga synanyşan bombasyna meňzeş.

Amerikan resmilerine görä, öňi alnan hüjüm synanyşygynda ele salnan bomba 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda nigeriýaly Umar Faruh Abdylmutallybyň Detroýt şäherine barýan uçarda partlatmaga synanyşan bombasyna meňzeş.

Ak Tam “Al-Kaýdanyň” amerikan uçaryny partlatmak synanyşygynyň öňüni alandygyny yglan etdi.

Amerikan resmilerine görä, öňi alnan hüjüm synanyşygynda ele salnan bomba 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda nigeriýaly Umar Faruh Abdylmutallybyň Detroýt şäherine barýan uçarda partlatmaga synanyşan bombasyna meňzeş.

Federal Derňew Býurosynyň (FBI) çap eden maglumatynda daşary ýurtda ele salnan serişde boýunça tehniki we sud derňewleriniň geçirilýändigi habar berildi.

Ak Tamyň resmi wekili Keýtlin Haýden dildüwşük barada prezident Barak Obama “aprel aýynda habar berlendigini” we “bombanyň jemgyýete howp salmaýanlygyna ynandyrylanlygyny” aýtdy.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň beýannamasynda aýdylyşyna görä, şol wagtdan bäri Obamanyň terrorçylyga garşy geňeşçisi Jon O. Brennana bu mesele boýunça ençeme sapar habar berlipdir.

Pentagonda geçirilen metbugat konferensiýasynda goranmak ministri Leon Panetta bu hadysa barada özüne berlen sowala jogap berip, ABŞ-nyň hüşgär bolmalydygyny belledi.

Panetta ABŞ-nyň hüjüm etmäge synanyşýan “Al-Kaýda” we beýleki terrorçylykly guramalara garşy köp operasiýalara gatnaşýanlygyny belledi. Onuň sözlerine görä, soňky waka hem ABŞ-nyň özüne hüjüm etmäge synanyşýanlara garşy hüşgär bolmaga borçludygyny görkezdi.

“Associated Press” habar agentligi başa barmadyk hüjüm barada geçen hepde habarly bolanlygyny aýtdy, emma ol razwedka operasiýasy dowam edýärkä Ak Tamyň we Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) haýyşy bilen maglumaty çap etmänligini habar berdi. AP bu maglumaty hepdäniň duşenbe güni köpçülige mälim etdi.

Täze serişde

Amerikan resmileriniň sözlerine görä, ele salnan bomba ýolagçylaryň içki geýimlerinde gizläp, uçara geçirilmegi üçin ýörite işlenip döredilen täze bir serişde. Federal Derňew Býurosy bu bombanyň howa meýdanlaryndaky gözegçilik enjamlaryndan gizlin geçirilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenýär.

Amerikan resmilerine görä, bombany uçara geçirmegi planlaşdyran ýemenli hüjümçi marşrut saýlap almaga we uçara bilet satyn almaga ýetişmändir.

Terrorçylyga garşy iş alyp barýan amerikan resmileri ele salnan serişdäniň bomba ýasaýjy Ibragim Hassan al Assiriniň ýa-da onuň şägirtleriniň işidigini çak edýärler. Eger bu hakykata gabat gelen ýagdaýynda, bu bomba Assiriniň Amerika garşy ulanmak üçin döreden üçünji bombasy bolar.

Mundan ozalky bolmalaryň biri içki geýimde gizläp geçirmek üçin döredilipdi, beýlekisini bolsa “Al-Kaýda” 2010-njy ýylda printer üçin boýag gutularyna salyp, ýük uçarlarynda ABŞ-a iberipdi.

Merkezi aňtaw gullugynyň soňky operasiýasynyň öňüsyrasynda Ak Tam we ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk ministrligi amerikan halkynyň howpsuzlygynyň üpjün ediljegine güwä geçipdi.

26-njy aprelde Ak Tamyň metbugat wekili Jeý Karni “Osama Bin Ladeniň ölüminiň ýyldönümi bilen baglylykda terror guramalarynyň, şol sanda “Al-Kaýdanyň” ABŞ-a garşy hüjüm etmek planlary barada bizde hiç hili maglumat ýok” diýipdi.

1-nji maýda Milli howpsuzlyk ministrligi-de şuňa meňzeş beýannama ýaýradypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG