Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň polisiýasy iki sany oppozisiýa liderini tussag etdi


Sişenbe güni agşam Moskwanyň polisiýasy rugsat berilmedik protest demonstrasiýasyny gurnamakda aýyplap, oppozisiýa liderleri Sergeý Udalsowy we Alekseý Nawalnyny tussag astyna aldy.

Bu wakanyň öňýany, günüň birinji ýarymynda hem Moskwanyň polisiýasy oppozisiýanyň parahatçylykly demonstrasiýasyny güýç ulanyp, dargydypdy.

Oppozisiýanyň tarapdarlary Wladimir Putiniň gaýtadan prezidentlik wezipesini eýelemegine protest bildirýärler. Protestleriň barşynda şu geçen ýekşenbe gününden bäri Moskwada 750 töweregi adamyň tussag astyna alnandygy habar berilýär.

Bu wakanyň fonunda sişenbe güni Orsýetiň Dumasy Dmitriý Medwedewi premýer-ministriň wezipesine tassyklady.
XS
SM
MD
LG