Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuliýa Timoşenko saglyk ýagdaýy sebäpli keselhana geçirildi


Çarşenbe güni Ukrainanyň türmesindäki ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy sebäpli keselhana geçirildi. Ukrainanyň resmileri onuň Harkow şäherindäki türmäniň golaýynde ýerleşýän bir keselhana geçirilendigini aýdýarlar.

Maglumatda Ýuliýa Timoşenkonyň saglyk ýagdaýyna ýörite bir medisina toparynyň, şol sanda germaniýaly doktor Luts Harmsyň hem gözegçilik edýändigi aýdylýar.

Ýuliýa Timoşenko özüniň türmedäki ýagdaýyna protest bildirip, indi üçülenji hepde bäri açlyk çekmegini dowam etdirýär. Ol geçen ýylyň güýzünde wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG