Sepleriň elýeterliligi

Abadan şäherini täzeden gurmak barada tender yglan edildi


Türkmenistanyň resmi mediasy Aşgabadyň golaýyndaky Abadan şäherini täzeden gurmak barada ýörite tenderiň yglan edilendigini habar berýär. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi tarapyndan yglan edilen bu tendere görä, häzirki Abadan şäheriniň golaýynda häzirkizaman tipli täze Abadan şäheri gurlar.

Geçen ýylyň tomsunda şu şäheriň golaýynda ýarag ammarynyň partlamagy netijesinde örän köp jaýlara zeper ýetipdi. Şol wakada resmi Türkmenistan 15 adamyň ölendigini tassyklapdy.

Häkimiýetler birnäçe aýyň içinde Abadan şäherindäki abatlaşdyryş we dikeldiş işleriniň doly tamamlanandyny habar beripdiler. Emma, muňa garamazdan, ýurduň häkimiýetleri şol ýerde täze bir şäheriň gurulmagy barada karar kabul etdiler.

Bu gurluşyk tenderine gatnaşmak baradaky arzalaryň 6-njy iýuna çenli kabul edilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG