Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko keselhana ýerleşdirildi


Futbol boýunça Ýewro-2012 çempionatyna garşy boýkot yglan eden ýewropa liderleriniň sanynyň barha artmagy ýaly wakalar Ýanukowiçiň häkimiýetiniň abraýyny pese gaçyrýar.
Futbol boýunça Ýewro-2012 çempionatyna garşy boýkot yglan eden ýewropa liderleriniň sanynyň barha artmagy ýaly wakalar Ýanukowiçiň häkimiýetiniň abraýyny pese gaçyrýar.
Ukrainanyň türme resmileri üçülenji hepdäniň dowamynda açlyk çekýän ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony keselhana ýerleşdirdiler. Onuň aklawçysy Timoşenkonyň açlyk çekmegini nemes neurology Lutz Harmsyň gözegçiliginde bes etjekdigini aýtdy.

Germaniýaly lukman wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Timoşenkonyň saglyk ýagdaýy bilen bagly ýörite Harkow şäherine barypdy.

Türme gullugynyň ýörite beýanatynda Ýuliýa Timoşenkonyň Harkowdaky türmeden äkidilip, Ukrainanyň Demir ýollarynyň garamagyndaky keselhana ýerleşdirilendigi aýdylýar. Şeýle hem beýanatda Timoşenkonyň saglyk ýagdaýynyň soňky günler beterleşmändigi, onuň lukmanlar toparynyň, şol sanda doktor Harmsyň gözegçiliginde keselhana ýerleşdirilendigi bellenilýär.

51 ýaşly Ýuliýa Timoşenko tussaglykda özüne ýowuz daralmagyna garşy protest hökmünde 20-nji aprelden bäri açlyk çekip gelýärdi.

Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýa keselhana ýerleşdirilensoň öz ejesiniň açlyk çekmegini bes etjekdigini 8-nji maýda Harkowda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýdypdy.

Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýa
Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýa
“Biz onuň ertir keselhana ýerleşdirilip, bejergi alyp başlap-başlamajagyny göreris” diýip, Ýewgeniýa aýtdy. “Ýagny, lukmanlar ejemiň açlyk çekmegini bes etdirmeli. Häzirki ýagdaýda bu bir zerurlyk. Sebäbi ejeme ýakyn wagtda bejergi edilmese, oňa oňurga agyrysy sebäpli maýyp bolmak howpy abanýar”.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabrynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edileli bäri bil agyrysyndan ejir çekýändigini aýdyp gelýär.

Timoşenkonyň tarapdarlary Timoşenko hem onuň hökümetinde bolan beýleki adamlaryň garşysyna syýasy matlaply iş gurnalyp, olaryň ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň islegi boýunça, tussag edilendiklerini aýdýarlar.

Halkara jemgyýetçiligi ýazgardy

Halkara jemgyýetçiligi Timoşenkonyň tussag edilmegini ýazgardy.

Ukraina 8-nji maýda, Ýuliýa Timoşenkonyň ýagdaýy bilen baglylykda, Merkezi hem Gundogar Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň sammitini gaýra goýmaly boldy. Ukrainanyň DIM-niň metbugat sekretary Oleksandr Dikusarow bu mesele bilen bagly çykyş edip, özleriniň öňden bäri garaşyp gelinýän bu sammitiň geçiriljek wagtyny özgertmeli bolandyklaryny aýtdy.

Muňa Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe liderleriniň ukrain häkimiýetleriniň tussaglykda saklanýan ýurduň öňki prmeýer-ministri Ýuliýa Timoşenko çemeleşişi bilen bagly Ukrainada geçirilmegi planlaşdyrylan sammite barmakdan ýüz öwürmekleri sebäp boldy.

Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň, Horwatiýanyň, Estoniýanyň, Sloweniýanyň, Bolgariýanyň hem Çehiýanyň prezidentleri Timoşenkonyň ýagdaýy bilen bagly öň 11-12-nji maýa planlaşdyrylan sammite gatnaşmajakdyklaryny mälim edipdiler.

Merkezi hem Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň sammitiniň gaýra goýulmagy hem-de bu wakadan öň futbol boýunça Ýewro-2012 çempionatyna garşy boýkot yglan eden ýewropa liderleriniň sanynyň barha artmagy ýaly wakalar Ýanukowiçiň häkimiýetiniň abraýyny pese gaçyrýar.

Futbol boýunça 2012-nji ýylyň Ýewropa çempionatyny Polşa bilen Ukrainada geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu çempionatyň çäginde Harkow şäherinde hem käbir oýunlaryň geçirilmegi planlaşdyrylypdy.

Mundan başga-da Ýewropa Bileleşigi Timoşenkonyň ýagdaýy bilen bagly Ukraina bilen özara ylalaşygynyň jemleriniň jemlenmegini hem gaýra goýdy. Ukrainanyň ÝB-e syýasy hem ykdysady taýdan has çuňňur integrirlenmegini öz içine alýan bu ylalaşyga geçen ýylyň ahyrynda gol çekilmelidi.
XS
SM
MD
LG