Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde oppozisiýanyň liderleri saklandy


6-njy maýdan bäri Orsýetiň häkimiýetleri Putiniň häkimiýet başyna geçmegine garşy geçirilen jemgyýetçilik protestlerinde 750-ä golaý adamy sakladylar.

6-njy maýdan bäri Orsýetiň häkimiýetleri Putiniň häkimiýet başyna geçmegine garşy geçirilen jemgyýetçilik protestlerinde 750-ä golaý adamy sakladylar.

Moskwanyň polisiýasy gijäniň dowamynda onlarça demonstranty saklady, şol sanda Orsýetiň “Çepçi front” atly oppozision hereketiniň lideri Sergeý Udaltsowy we aktiwist Alekseý Nawalnyny tussag etdi. Bu tutha-tutluklar Wladimir Putiniň häkimiýet başyna gelmegine garşy geçirilen uly bolmadyk protest aksiýalaryň dowamynda boldy.

Udaltsow bilen Nawalnyý günüň dowamynda iki gezek tussag edilipdi. Olar sişenbe güni irden Moskwadaky parahatçylykly protest polisiýa tarapyndan basylyp ýatyrylanda tussag edilen onlarça protestçiniň arasynda bolupdy.

Udaltsow Moskwada günüň aýagynda geçirilen protest aksiýasyna baranda, protestçiler ony “Putinsiz Orsýet!” diýen şygar bilen garşy aldylar. Udaltow çykyşynda Moskwanyň Putine garşydygyny, hilegärlere we ogrulara garşydygyny aýtdy we “Biz ýeňeris!”, “ Putinsiz Orsýet!” diýen şygarlar bilen sözüni jemledi.

Sişenbe gününiň agşamy polisiýa tarapyndan äkidilmeginden ozal Udaltsow protestçileri “öňe gitmegi” we hepdäniň çarşenbe güni protest üçin köçä çykmagy ündedi.

6-njy maýdan bäri Orsýetiň häkimiýetleri Putiniň häkimiýet başyna geçmegine garşy geçirilen jemgyýetçilik protestlerinde 750-ä golaý adamy sakladylar.

Wezipe çalşygy

Hepdäniň sişenbe güni Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi Orsýetiň öňki prezidenti Dmitriý Medwedewiň premýer-ministr wezipesine bellenmegini makullady we munuň bilen Orsýetde protestleriň tutaşmagyna sebäp bolan wezipe çalşyk prosesinde soňky nokady goýdy.

Kremle tarapdar “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň köpçüligindäki Döwlet Dumasynyň kanun çykaryjylary Medwedewiň hökümet baştutany bolmagyny 299 ses bilen makullady. Muňa garşy 144 ses berildi.

Putin Medwedewiň kandidaturasyny hepdäniň duşenbe güni geçirilen inaugurasiýa dabarasynyň yz ýany öňe sürüpdi. Putin Dumadaky ses berişligiň yz ýany eden çykyşynda Orsýet Federasiýasynyň hökümetiniň täze baştutanynyň Döwlet Dumasynyň ähli fraksiýa-toparlary bilen işleşjegine we hökümetiň olaryň her birine gulak asjagyna ynam bildirdi.

Putin 2000-2008-nji ýyllarda yzly-yzyna iki sapar prezident bolup, onuň Konstitusiýada rugsat berlen möhleti dolansoň, Medwedew döwlet başynda bolan döwründe premýer-ministr bolupdy.

Udaltsow potestleriň demokratiýa tarapdar güýçleriň göreşden el çekmejegini görkezýänligini belledi: “Biz boýun bolmanlygymyzy, adalatly saýlawlar hem kanuny häkimiýet ugrundaky göreşiň dowam etdiriljegini görkezdik. Häkmiýet bize garşy näçe berk hereket etdigiçe, bizem şonça-da berk jogap bereris. Biz goranarys. Biziň muňa doly hukugymyz bar. Häkimiýet bizi ýok edýän bolsa, biziňem gozgalaňa hakymyz bar. Ol iru-giç amala aşyrylar”.

ABŞ-nyň pozisiýasy

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň hepdäniň sişenbe güni eden çykyşynda aýtmagyna görä, ABŞ Orsýetdäki parahatçylykly çykyşlaryň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylmagyna alada bildirýär. Amerikan resmisi ors häkimiýetlerini raýatlaryň söz we bileleşmek azatlyklaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Toneriň sözlerine görä, Döwlet departamenti şeýle-de protestçileriň az sanly toparlary tarapyndan Orsýetiň kanuny goraýjy wekillerine hüjüm edilenligi baradaky habarlara hem alada bildirýär. Amerikan resmisi taraplaryň ikisini-de zorlukdan saklanmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG