Sepleriň elýeterliligi

Iki owgan raýaty içalyçylykda aýyplanylyp tussag edildi


Owganystanyň häkimiýetleri iki sany adamy Eýranyň bähbidi üçin içalyçylyk etmekde we terror hüjümlerini taýýarlamakda aýyplap tussag etdiler.

Owganystanyň razwedka gullugyndan syzyp çykan wideo materialda bu tussag edilen owgan raýatlary Saed Kamal bilen Saed Husseýiniň hakykatdanam şeýle içalyçylyk işleri bilen meşgullanandyklaryny boýun alýandyklaryny görmek bolýar.

Bu iki raýatyň aýmagyna görä, olar Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy tarapyndan tälim berlen owganystanly bosgunlaryň toparynda bolupdyr.

Bu wakanyň öňýany Owganystanyň häkimiýetleri Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar agentliginiň Kabuldaky býurosynyň başlygy Abdulwahed Hekimi-de Owganystanyň hökümet syrlaryny Eýrana geçirmekde aýyplap tussag edipdiler.
XS
SM
MD
LG