Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pyýada haj zyýaratyna barýan täjigistanlylylar Owganystana ýetdiler


Şu ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Mekke şäherinde gurnaljak haj zyýaratyna tarap pyýada ýola düşen täjigistanly 8 sany zyýaratçynyň şu hepdäniň başynda Owganystanyň territoriýasyna barandyklary barada maglumat alyndy.

Maglumatda Täjigistanyň bu raýatlarynyň Saud Arabystanyna çenli 4 müň 600 kilometr aralygy pyýada geçmekligi planlyşdyrýandyklary aýdylýar. Munuň üçin olar azyndan dört ýurduň territoriýasyndan ýöräp geçmeli bolarlar.

Erkek adamlardan ybarat bu toparyň agzalarynyň aglaba 50 ýaş bilen 60 ýaşyň aralygyndaky adamlardygy aýdylýar. Yslam dininiň düzgünlerine görä, ýagdaýy bolan musulmanlaryň haj zyýaratyna pyýada gitmelidikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG