Sepleriň elýeterliligi

“Balkan” komandasy Täjigistanyň komandasyndan utuldy


Çarşenbe güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň “Balkan” komandasy Täjigistanyň “Ystyklol” komandasy bilen duşuşdy.

Çekeleşikli geçen bu oýunda ýerli täjigistanly futbolçylar Türkmenistanyň komandasyndan 2:1 hasap bilen üstün çykdylar. Mundan öň şenbe güni Türkmenistanyň “Balkan” komandasy şu “C” toparynda oýnaýan Palestinanyň “Al Amari” futbol komandasyndan hem 1:2 hasap bilen utulypdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň komandasy ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy.

“C” toparynda yzly-yzyna iki oýunda üstünlik gazanan Täjigistanyň “Ystyklol” komandasy Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň indiki tapgyryna çykdy.
XS
SM
MD
LG