Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanly zyýaratçylar Mekkä pyýada ugradylar


Täjigistanyň Kulob şäheriniň sekiz ýaşaýjysy pyýada Mekkä barýar, 8-nji Maý, 2012

Täjigistanyň Kulob şäheriniň sekiz ýaşaýjysy pyýada Mekkä barýar, 8-nji Maý, 2012

Täjigistandan sekiz adam Mekkä pyýada zyýarat etmek üçin Owganystanyň serhedinden aşdy. Olar musulmanlaryň haj zyýaratyny ýerine ýetirmekligi maksat edinýärler.

Bu zyýaratçylar Saud Arabystanyna çenli 4,600 kilometr ýoly pyýada geçmäge boýun bolup, ýola düşdüler. Olar Saud Arabystanyna barmak üçin azyndan dört ýurduň, ýagny Owganystanyň, Pakistanyň, Eýranyň we Yragyň territoriýalaryndan geçerler.

Ýaşlary 21-den 65 aralygynda bolan bu zyýaratçylar ýanlarynda pullarynyň azdygyny, syýahat ätiýaçlyklarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Olar gijelerini metjitlerde geçirmeklige we Mekke şäherinde oktýabr aýynda gurnaljak haj zyýaratyna barmaga umyt baglaýarlar.

Hajy-pyýada

Bu zyýaratçylar toparyna ozalky sportsmen Abdulaziz Rajabow ýolbaşçylyk edýär. Ol öň hem Mekkä pyýada zyýarat edip, Hajy-pyýada adyna eýe bolupdyr.

Bu gezek biz Gurban baýramy başlanýança ol ýere barmaly we soňra yzymyza pyýada gaýtmaly.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda Abdulaziz Rajabow mundan ozal Saud Arabystanyna pyýada baryp, Käbä zyýarat etmek tejribesiniň şowly geçendigini aýtdy.

“Men özümiň ilkinji pyýada zyýaratymy 2005-nji ýylda başlap, 2006-njy ýylda tamamladym. Ýolda biz jemi bir ýyl ýedi aý bolduk. Iki-üç aýlap tanyşlarymyzda myhmançylykda bolduk. Gaýdyp gelenimizden soň üç-dört ýylyň dowamynda täze zyýarata taýýarlyk gördük. Bu gezek biz Gurban baýramy başlanýança ol ýere barmaly we soňra yzymyza pyýada gaýtmaly” diýip, Rajabow aýtdy.

Täjigistan, Kulob şäherinden pyýada Mekkä barýan toparyň agzalary, 8-nji Maý, 2012

Täjigistan, Kulob şäherinden pyýada Mekkä barýan toparyň agzalary, 8-nji Maý, 2012

Pyýada zyýarat edýänleriň biri, 65 ýaşly Abdurahim Madiýew ömür boýy Mekkä zyýarat etmekligi arzuw edip gelipdir, ýöne onuň bu arzuwy maliýe ýetmezçiligi sebäpli şu wagta çenli hasyl bolmandyr. Ol indi “mugtuna” haja gitmek mümkinçiliginden peýdalanýandygyny aýdýar.

Täjigistanyň häkimiýetleri uzak möhletli syýahata gitmek üçin zerur bolan dokumentleri taýýarlamak, şol sanda daşary ýurtlara wiza almak üçin zyýaratçylara kömek etdiler.
XS
SM
MD
LG