Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada şu ýylky tomusky olimpiýa oýunlarynyň fakeli ýakyldy


Penşenbe güni Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherçesinde Beýik Britaniýada geçjek tomusky olimpiýa oýunlary üçin olimpiada fakeli ýakyldy.

2 müň 800 ýyl mundan ozal ilkinji olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri hasaplanylýan bu ýerdäki fakel ýakylyş dabarasyna köpsanly daşary ýurtly resmiler we sportsmenler, şol sanda Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Jak Rogge we London Olimpiadasyny gurnaýjy komissiýanyň başlygy Sebastian Koe hem gatnaşdy.

Günüň gyzgynlygy bilen ýakylan bu fakel indi Gresiýanyň territoriýasynda elden-ele geçirilip, soňra Londona çenli tutuş Ýewropa boýunça 12 müň 800 kilometr aralyga estafeta görnüşinde elde göterilip alnyp gidiler. Londondaky tomusky olimpiýa oýunlary şu ýylyň 27-nji iýulynda açylar.
XS
SM
MD
LG