Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýada Orsýetiň “Superjet-100” uçarynyň gaçan ýeri tapyldy


Penşenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Orsýetde gurlan “Superjet-100” atly täze kysymly uçaryň gaçan ýerinden diri galan adamyň tapylmandygyny mälim etdiler.

Bu uçar penşenbe güni irden Indoneziýanyň paýtagty Jakartadan uçandan soň, tiz wagtdan howa radarynyň ekranyndan ýitirim bolupdy.

Gözleg işleriniň barşynda uçaryň galyndylary Indoneziýanyň günbataryndaky daglyk raýondan tapyldy. Onuň içindäki 50 töweregi adamyň hemmesiniň ölendigi aýdylýar.

Italian we fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Orsýetde gurlan bu täze uçar gözden geçiriliş uçuşyny amala aşyrýardy we ol Indoneziýa barmazyndan öň, Gazagystanda, Pakistanda we Mýanmarda-da gonupdy.
XS
SM
MD
LG