Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň paýtagtyndaky partlamalarda azyndan 55 töweregi adam öldi


Penşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda amala aşyrylan iki sany güýçli partlamada azyndan 55 töweregi adam ölüp, 370 töweregi adam ýaralandy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen wideo sýužetde bu partlamalaryň bolan ýerinde uly çukuryň emele gelendigini we onlarça maşynyň ýanyp, töwereklerdäki jaýlara uly zyýan ýetendigini görmek bolýar.

Ýurduň häkimiýetleri muny “terror hüjümleri” diýip häsiýetlendirdiler. Maglumata görä, bu goşa partlama ir sagat 8:00-lerde, ýerli raýatlaryň işe we okuwa barýan wagtlary amala aşyrylypdyr.

Penşenbe güni bu partlamalaryň bolan ýerine BMG-niň synçylar toparynyň başlygy, general-maýor Robert Mud hem sapar etdi we bu bolan wakany berk ýazgardy.
XS
SM
MD
LG