Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa: “Suhoý-Superjet 100” uçarynyň gaçan ýerinde diri adam tapylmady


Orsýetde öndürilen “Suhoý” reaktiw uçary Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň aeroportundan asmana galýar, 9-njy maý.
Orsýetde öndürilen “Suhoý” reaktiw uçary Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň aeroportundan asmana galýar, 9-njy maý.
Indoneziýanyň resmileri heläkçilige uçran “Suhoý” reaktiw uçarynyň ýolagçylarynyň arasynda diri adamlaryň tapylmanlygyny aýtdylar. Bu uçar hepdäniň çarşenbe güni Indoneziýada daga baryp uruldy. Onuň üstünde 50-ä golaý adam bardy.

Orsýetde öndürilen bu uçaryň galyndylary hepdäniň penşenbe güni Indoneziýanyň günbatar bölegindäki daglarda dikuçar arkaly tapyldy. Indoneziýanyň prezidenti Susilo Bambang Ýudhoýono 10-njy maýda gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýänligini žurnalistlere aýtdy.

Indoneziýanyň döwlet baştutanynyň aýtmagyna görä, uçar heläkçiligi Salaka atly dagyň gyrasynda bolupdyr. Susilo Bambang Ýudhoýono derňewleriň derhal geçirilmelidgini we diri galanlary gözläp tapmak boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Indoneziýanyň resmisi Gagah Prakosonyň aýtmagyna görä, heläk bolanlaryň jesetleri tapylypdyr, emma olaryň dikuçar arkaly äkidilmegine ýaramaz howa şertleri päsgel beripdir.

Habar berlişine görä, uçaryň heläkçilige uçran ýerinde hepdäniň penşenbe güni geçirilen gözleg we halas ediş işlerine müňden gowrak halas ediji gatnaşypdyr.

Uçar heläkçiliginiň sebäpleri belli däl.

Heläkçilik

“Suhoý Superjet 100” kysymly reaktiw uçaryň içinde 8 adamdan ybarat bolan orsýetli uçar komandasy we 42 myhman, şol sanda diplomatlar, žurnalistler we uçaryň potensial satyn alyjylary bardy. Azyndan 36 adamyň Indoneziýanyň raýatlary bolup, ýolagçylaryň arasynda Orsýetiň ilçihanasynyň işgärleriniň-de bolanlygy çak edilýär.

2008-nji ýylda “Suhoý” kompaniýasynyň graždan awiasiýa bölümi tarapyndan öndürilen bu uçar Aziýa ýurtlarynda demonstrasion saparyny geçiripdi. Ol eýýäm Gazagystanda, Pakistanda we Mýanmada görkezilipdi.

Jakartadan uçan bu uçar uçuşynyň 21-nji minudynda heläkçilige uçrapdyr.

Habar berlişine görä, uçaryň radarlardan ýitirim bolmagynyň öňüsyrasynda pilotlar uçuşyň ugruny üýtgedip, beýikligini 1,800 metre çenli peseltmäge rugsat sorapdyrlar. Emma olar hiç bir problemany agzamandyrlar.

Derňewçiler uçar sürüjileriň awiýa dispetçerler bilen gepleşiklerini barlaýarlar.

Orsýetiň Derňew komiteti uçaryň Orsýetden Aziýa ýurtlaryna äkidilmeginden ozalky taýýarlygynyň derejesi boýunça jenaýat işini gozgady diýlip, habar berilýär.

“Suhoý-Superjet 100”

100 sany ýolagça niýetlenen sesden tiz bu reaktiw uçara graždan awiasiýasyny ösdürmekçi bolýan Orsýetde uly ähmiýet berilýär. Uçar 2008-nji ýylda ilkinji gezek işe girizilipdi we 2011-nji ýylda ýolagçy transporty hökmünde girdeýji getirip başlady. Häzirki wagtda şeýle uçarlaryň 8-si işledilýär.

“Suhoý” uçarynyň azyndan 170 sanysynyň eýýäm sargyt edilenligi habar berilýär. Orsýet 1,000 uçary öndürmegi planlaşdyrýar.

Geçen ýylyň awgust aýynda Indoneziýanyň awiasiýasy 12 uçary satyn almaga isleg bildiripdi.
XS
SM
MD
LG