Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: sosialistler koalisiýa gurmaga synanyşýar


Gresiýanyň Sosialistik partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos

Gresiýanyň Sosialistik partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos

Penşenbe güni Gresiýanyň Sosialistik partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos, Gresiýanyň maliýe krizisinden çykmak boýunça tygşytlylyk planyna garşy çykýan aşa çepçiler 9-njy maýda şowsuzlyga uçransoň, hökümet koalisiýasyny düzmäge synanyşar.

Gresiýanyň esasy partiýalary, şol sanda döwlet býujetiniň çykdajylaryny azaltmak baradaky planyny goldaýan Wenizelosyň Sosialistik partiýasy, özleriniň Gresiýanyň batmagynyň öňüni almaga niýetlenen tygşytlylyk boýunça plany bilen bagly gaýtadan gepleşik geçirmek meýilleriniň bardygyny görkezdiler.

Karz almak ýalňyş syýasat bolup bilýär. Ol hem köp ýa az möçberde almak görnüşinde dowam edýär we bizi betbagtçylyga tarap alyp barýar.
Aşa çepçi “Syriza” partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras hökümet koalisiýasyny düzmek üçin geçirilen gepleşiklerde Gresiýanyň tygşytlylyk plany boýunça ylalaşmandygyny boýun aldy. “Syriza” partiýasy 6-njy maýda Gresiýada geçirilen parlament saýlawlarynda sesleriň sany boýunça ikinji bolupdy.

“Durmuşda az-owlak göwreli bolmak mümkin däl. Edil şonuň ýaly karz pul alaňda-da, az-owlak ylalaşyk diýlen zat bolup bilmeýär” diýip, Tsipras aýtdy. “Eýse, umuman, karz almak ýalňyş syýasat bolup bilýär. Ol hem köp ýa az möçberde almak görnüşinde dowam edýär we bizi betbagtçylyga tarap alyp barýar. Eger muny islemesek, onda biz şeýle ýalňyş syýasatdan başga çözgüdi talap etmeli”.

"Men bu zatlary etmerin"

Gresiýanyň çepçi Kommunistik hem Demokratik partiýalary “Syriza” bilen koalisiýa düzmekden ýüz öwrenden soň, Aleksis Tsipras: “Biziň çepçilerden ybarat hökümet koalisiýasyny düzmek baradaky arzuwymyz hasyl bolmady” diýdi.

Gresiýanyň maliýe krizisinden çykmak üçin tygşytlylyk boýunça planyny goldaýan “Täze demokratik toparyň” lideri Antonis Samaras 9-njy maýda Aleksis Tsipras bilen duşuşandan soňra, özleriniň “Syriza” bilen koalisiýa düzmäge ylalaşmajagyny aýdyp, bu partiýanyň talaplarynyň Gresiýany bankrotlyga uçradyp biljekdigini nygtady.

Jenap Tsiprasyň Gresiýada çykdajylary azaltmak baradaky ylalaşygy ýazgarmagy Gresiýanyň üzňeleşmegini aňladýar.
“Jenap Tsiprasyň Gresiýada çykdajylary azaltmak baradaky ylalaşygy ýazgarmagy Gresiýanyň üzňeleşmegini aňladýar” diýip, Samaras aýtdy. “Ol meniň ylalaşyga çeken golumy yzyna almagymy däl-de, Gresiýanyň ýewro zolagyndan çykyp, bankrotlyga uçramagyny kabul etmegimi soraýar. Men bu zatlary etmerin”.

Aleksis Tsiprasyň özi 10-njy maýda mandatyny prezident Karolos Papouliasa gaýtaryp berjekdigini aýtdy. Prezident bolsa hökümet koalisiýasyny düzmek meselesini ýurduň “Sosialistler partiýasynyň” liderine tabşyrar.

ÝB we HWG duýduryş berýär

Ýewropa Bileleşigi hem Halkara Walýuta Gaznasy grek tarapynyň reformalaryň geçirilmegine goşant goşmagyny bes eden halatynda, şu güne çenli berilmegi planlaşdyrylan karzyň bir böleginiň soňky kömek boljakdygyny öňünden duýdurdylar. Ýurtda dörän bu syýasy krizis Gresiýanyň ýewro zolagynyň agzasy hökmündäki geljegi barada dürli aladalary döretdi.

“Sosialistik partiýa” 6-njy maýda geçirilen parlament saýlawlarynda özlerine berlen sesleriň sany boýunça üçünji boldy.

Gresiýanyň ýewro zolagyndaky geljegi grekleriň özlerine bagly. Indi Gresiýa haýsy ýol bilen gitjekdigini özi çözsün.
Öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda hökümet koalisiýasyny döretmek barada hiç bir ylalaşyga gelinmese, şu ýylyň iýun aýynda Gresiýada gaýtadan parlament saýlawlaryny geçirmeli bolar.

Ýewropa Bileleşigi hem HWG bilen gelnen ylalaşyga görä bolsa, şu ýylyň iýun aýyna çenli Gresiýa 14,5 milliard ýewro barabar serişdeleri tygşytlamak üçin düýpli özgerişleri amala aşyrmaly.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle 9-njy maýda Brýusselde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Gresiýanyň ýewro zolagyndaky ykbalynyň, häzirki gepleşiklere bagly boljakdygyny nygtady: “Gresiýanyň ýewro zolagyndaky geljegi grekleriň özlerine bagly. Indi Gresiýa haýsy ýol bilen gitjekdigini özi çözsün”.
XS
SM
MD
LG