Sepleriň elýeterliligi

Ahmedýarowa hüjüm edenlikde güman edilýän iki adam tussag edildi


Penşenbe güni Gazagystanyň Ural şäheriniň sudy ýakynda ýerli žurnalist Lukpan Ahmedýarowyň janyna kast etmek synanyşygynda güman edilip, iki adamyň tussag astyna alnandygyny habar berdi. Sud bu tussag astyna alnanlaryň 20 ýaşlaryndaky ýaş oglanlardygyny aýdýar.

Şeýle hem, bu işe dahylly başga-da adamlaryň bar bolmagynyň mümkindiginiň çaklanylýandygy we bu ugurda derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.

Ýakynda, 19-njy aprelde Gazagystanyň Ural şäherinde näbelli adamlar žurnalist Lukpan Ahmedýarowa hüjüm edip, ony ençeme ýerinden pyçaklanlarynda, ol diri galdy. Žurnalistiň özi bu hüjümi özüniň professional işi bilen baglanyşykly hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG