Sepleriň elýeterliligi

Moskwada “döredijilikli” protestler göze ilýär


Moskwadaky protest "gezelençleriniň" birinden bir görnüş. Moskwa, 6-njy maý, 2012.

Moskwadaky protest "gezelençleriniň" birinden bir görnüş. Moskwa, 6-njy maý, 2012.

Orsýetde Wladimir Putiniň prezidentlige kasam etmeginiň edil öňýany, 6-njy maýda geçirilen protestleri basyp ýatyrmaklygyň barşynda Moskwada ýüzlerçe adam tussag astyna alyndy.

Ýöne häkimiýetleriň protestleri basyp ýatyrmaklyga umyt edendiklerine garamazdan, protestçileriň taktikasy başga bir görnüşlere eýe boldy.

Şu hepde bu protestler adamlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde üýşüp, gezim etmekleri ýa-da bir ýerde üýşüp oturmaklary ýa-da oýun-tomaşa gurnamaklary ýaly görnüşlere eýe boldy.

Bu çäreleri syýasy protest çäresi diýip atlandyrmak kyn, emma şu çäreleriň üsti bilen protestçiler öz syýasy ideýalaryny beýan etdiler.

“Köpçülikleýin gezelenç”

Şu hepde moskwalylar “köpçülikleýin gezelenç” ady bilen gurnan çärelerinde protest hereketleriniň simwoliki reňki hasaplanylýan ak lentalary öz eşiklerine dakynyp , Moskwanyň merkezinde aýdym aýdyşyp, oýun oýnaşyp, saz diňleşip, adaty bir şagalaň görnüşdäki üýşmeleňleri gurnadylar.


Olar özleriniň syýasy şygarlaryny kän bir göze ilgiç etmän, şygarlary dürli reňkler bilen öz tenlerine ýazdylar ýa-da hek bilen asfalta ýazmak bilen çäklendiler.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri syýasy şygar ýazylgy bir matany aç-açan göterip, çykyş etjek bolanda, “parahat gezelenjiň” tarapdarlary ony prowaksiýa gurnamazlyga we ol ýeri terk etmeklige çagyrdylar.

Şeýle çagyryş edenleriň arasynda tanymal tele-şou aktrisasy Kseniýa Sobçak hem boldy. Ol “Biz bu ýerde protest gurnamzok, biz gezelenç edýäris” diýip ýüzlendi.

Moskwada ulanylan bu protest taktikalary soňky wagtlar goňşy Belarusda graždan aktiwistleriniň ulanylyp gelýän taktikalarynyň bir görnüşi.

Belarusda geçen ýylky protestlerde häkimiýetleriň gazaply güýç ulanmaklaryndan soň, graždan aktiwistleri protest çärelerini geçirmekligiň dürli hili döredijilikli usullaryny synag edip başladylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG