Sepleriň elýeterliligi

Hameneýiniň senzura fatwasy senzura düşdi


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi

Görnüşe görä, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Eýranyň internet senzurasynyň soňky pidasy boldy. Bu senzura režimini onuň özi makullapdy.

Tabnak websaýtynyň habar bermegine görä, Hameneýiniň senzura garşy gurallary ulanmagyň bikanundygy baradaky “fatwasy” Eýranyň websaýtlarynda çap edilenden 30 sagat soň, öz-özünden petiklenipdir. Görnüşi ýaly, onuň tekstinde “senzura garşy programmalar” diýen terminiň geçmegi ýurduň senzura sistemasynyň awtomatiki ýagdaýda herekete geçmegine sebäp bolupdyr.

Bu wakadan soň konserwatiw websaýt şeýle ýazdy: “Dini buýrugyň senzura düşmegi ýerine ýetiriji organ üçin diýseň gülkünç wakadyr. Bu ýagdaý ýurduň senzura filosofiýasyny tutuşlygyna sorag astynda goýup biler”.

Tabnak websaýtynyň ýurduň Ekspertler Geňeşiniň häzirki Baş sekretary we Eýranyň Rewolýusiýa Gwardiýasy Korpusynyň öňki baş serkerdesi Mohsen Rezai bilen arasy gowy.

Ýarym resmi “Mehr” habar agentligi Yslam respublikasynda döwlet meseleleri boýunça iň soňky sözi aýdýan Hameneýiden açylmaýan websaýtlar barada sorandan soň, ol bu barada buýruk çykardy.

“Mehr” Hameneýiniň edarasyna ýazan hatynda käbir eýranlylaryň, şol sanda žurnalistleriň öz wezipe borçlary sebäpli petiklenen websaýtlara girip, olardan habar we maglumat almaly bolýandyklaryny, şol maglumatlaryň bolsa “rugsat edilen websaýtlarda köplenç halatda ýokdugyny” aýtdy. “Mehr” şeýle ýagdaýlar üçin nähili dini düzgünleriň bardygyny sorady.

Hameneýi öz jogabynda şeýle ýazdy: “Umuman aýdylanda, senzura garşy programmalaryň ulanylmagy Yslam respublikasynyň kanunlarynyň we düzgünleriniň çäginde bolmalydyr, kanunlaryň bozulmagyna rugsat edilmeýär”.

Oktýabr aýynda Eýranyň telekommunikasiýa ministri Reza Tagipur senzura garşy programmalaryň we wirtual şahsy networklaryň (VPN) ulanylmagynyň jenaýatdygyny aýdypdy.

Eýran dünýäde internet boýunça iň ýiti senzura syýasatyny ýöredýän ýurtlaryň biridir. Ençeme eýranlylar, şol sanda režimiň tarapdarlary petiklenen websaýtlara, Eýranyň milli bähbitlerine garşy ýa-da ahlaksyz hasaplanýan websaýtlara girmek üçin proksileri we ýörite programmalary ulanýarlar. Petiklenen on müňlerçe websaýtlaryň arasynda habar we oppozisiýa websaýtlary hem bar.

Hameneýiniň buýrugy onuň petiklenen websaýtlara girýän konserwatiw tarapdarlaryny iki oduň arasynda goýup biler.

Emma Hameneýiniň internetdäki petiklemeler baradaky buýrugynyň özi petiklendi. Gülkünç hem bolsa, Hameneýiniň tarapdarlary onuň senzura garşy programmalar baradaky pikirini okamak üçin senzura garşy programmalary ulanmaly boljaklar.

Ine, bu hem Eýrandaky adaty günleriň biri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG