Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň günortasynda ÖYH-niň regional lideri tussag edildi


Anna güni Täjigistanyň resmileri ýurduň Hatlon oblastynda Özbegistanyň Yslam Hereketiniň regional lideri Zimurod Eşenhonowyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, kanun tarapyndan gadagan edilen bu Yslam Hereketiniň 39 ýaşly lideri Zimurod Eşenhonow bilen birlikde, onuň iki sany kömekçisi-de tussag edilipdir.

Bu tussag edilenleriň hemmesiniň Kizil Nişon atly ýerli obanyň ýaşaýjylarydygy aýdylýar. Şu ýylyň fewral aýynda şu obanyň başga-da iki ýaşaýjysy Özbegistanyň Yslam Hereketine degişlilikde aýyplanylyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG