Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň demirgazygyndaky silde adam ýitgileri boldy


Anna güni Owganystanyň demirgazygynda ýüz beren sil birnäçe oba uly zyýan ýetirdi we azyndan 17 adamyň ölümine sebäp boldy.

“Assoşieýted Press” habar agentligi ölenleriň sanynyň azyndan 27 töweregidigini habar berýär.

Takhar welaýatynyň häkimi Abdul Jabbar Takwa bu sil heläkçiliginiň şu welaýatyň Yşkamyş etrabynda ýüze çykandygyny aýtdy we onda dereksiz ýiten adamlaryň-da bardygyny mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu wakada dagyň belentliginde ýerleşýän suw dambasy ýykylyp, jülgä suw inende, birnäçe oba uly zyýan çekipdir.
XS
SM
MD
LG