Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedow Eýranyň içeri işler ministri bilen duşuşdy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Eýranyň içeri işler ministri Mostafa Mohammed Najjar bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplaryň regional we halkara syýasaty hem-de howpsuzlygy bilen baglanyşykly käbir möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary habar berilýär. Ýöne Türkmenistanyň resmi mediasy bu gepleşikde anyk nähili meseleleriň gozgalandygy barada maglumat bermeýär.

Şol gün prezident G.Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ekmeleddin Ihsanogluny hem kabul edip, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyklaryny ara alyp maslahatlaşdy.
XS
SM
MD
LG