Sepleriň elýeterliligi

Amerikan generaly yslama garşy tälim kursuny ýazgarýar


ABŞ-nyň Bilelikdäki Serkerdeler Ştabynyň baştutany, goşun generaly Matin Dempsi harby maşgalalary goldamak baradaky maslahatda çykyş edýär. Waşington, 18-nji aprel, 2012.

ABŞ-nyň Bilelikdäki Serkerdeler Ştabynyň baştutany, goşun generaly Matin Dempsi harby maşgalalary goldamak baradaky maslahatda çykyş edýär. Waşington, 18-nji aprel, 2012.

ABŞ-nyň Bilelikdäki Serkerdeler Ştabynyň baştutany Goranmak departamentiniň esgerlere yslama garşy “hemme taraplaýyn uruş” tälimini öwredýän kursuny ýazgaryp çykyş etdi.

Goşun generaly Martin Dempsi dördünji gün bu kursuň “doly ret ederlik” bolandygyny aýtdy: “Bu doly oňlamasyz boldy, biziň gymmatlyklarymyza garşy we akademiki taýdan hem dürs däl. Bu liberal pikiri yza iteklemek meselesi bolmady. Bu ýöne oňlamasyz, akademiki taýdan jogapkärçiliksiz iş boldy.”

Bilelikdäki Goşunlar Ştabynyň Norfolkdaky (Wirjinia) kollejinde ýokary derejeli ofiserlere niýetlenen hökmany däl kurs "zerur bolan wagtynda" musulman raýatlaryna garşy uruş alyp barmagy teklip etdi we Ikinji Jahan Urşy mahalynda Drezdeniň ot bombalaýşyny we Hirosimo bilen Nagasakä garşy ulanylan ýadro hüjümlerini mysal hökmünde ulandy.

Bu kursda musulmanlaryň mukaddes şäherleri bolan Mekke bilen Medinä garşy ýadro hüjümleriniň edilip biljegi barada sapak berlipdir.

Geçen aý, bir student şikaýat edensoň, Pentagon bu kursy togtatdy we onuň mekdebiň okuw programmasyna nähili girizilendigini anyklamak üçin derňewe başlady.

Jogapkär instruktor, podpolkownik Mätýu Duliý mugallamçylykdan çetleşdirildi.

Lektorlar studenlere özlerini yslama garşy “garşy duruş hereketi” hökmünde görmelidiklerini aýdypdyrlar.

Dempsi dördünji gün ABŞ-nyň harby bölümleriniň her birine we regional komanda gurluşlaryna hat iberilip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň 2011-nji ýylyň noýabryndaky direktiwasy esasynda, anti-yslam mazmunly okuw materiallarynyň ählisine gaýtadan seretmegiň buýrulandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu buýruk Federal Derňew Býurosy (FBI), Adalat departamenti we harbylar tarapyndan ulanylýan okuw materiallarynda anti-yslam mazmunly gollanmalaryň üsti açylandan soň berildi.

Goranmak deparatmenti şu aýyň aýagynda öz derňewiniň netijeleri barada hasabat çap etmegi planlaşdyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG