Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gi Mun Damaskdaky partlamalary ýazgardy


Siriýanyň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, penşenbe güni bolan partlamalarda 55 adam wepat bolupdyr we çak bilen 370 adam ýaralanypdyr.
Siriýanyň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, penşenbe güni bolan partlamalarda 55 adam wepat bolupdyr we çak bilen 370 adam ýaralanypdyr.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun we Howpsuzlyk Geňeşi hepdäniň penşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda bolan we adam pidalaryna getiren partlamalary ýazgardy.

Döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, penşenbe güni bolan iki terrorçylykly hüjüm zerarly 55 adam wepat bolupdyr we çak bilen 370 adam ýaralanypdyr. Bu wakanyň 14 aý mundan ozal prezident Başar al-Assada garşy gozgalaň başlanaly bäri iň gandöküşikli waka bolandygy aýdylýar.

Pan Gi Mun ähli taraplara ýüzlenip, zorlugy togtatmaga we parahatçylygy durnuklaşdyrmak boýunça plany, şol sanda halkara araçysy Kofi Annanyň öňe süren barlyşyk planyny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Siriýadaky partlamalarda onlarça adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

BMG-niň Baş sekretarynyň wekili Martin Nesirkiý Pan Gi Munuň çagyryşynyň mazmunyny takyklaşdyrdy.

Martin Nesirkiniň sözlerine görä, Pan Gi Munuň çagyryşynda “taraplaryň zorlugy togtatmak boýunça borçlaryny derhal ýerine ýetirmeginiň, parahat ilatyň goralmagynyň we bomba parlamalarynyň hem beýleki terrorçylykly hüjümleriň öňüniň alynmagynyň zerurdygy” aýdylýar.

Martin Nesirkiý Pan Gi Munuň Damaskda 50-den gowrak adamyň ölümine we ýene köp adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi berk ýazgaranlygyny aýratyn nygtady.

ABŞ, Orsýet we Ýewropa Bileleşigi-de hüjümleri ýazgardylar. Emma Moskwa şeýle zorlugy tutaşdyrmakda ady agzalmadyk daşary ýurtlary aýyplady.

Assada çagyryş

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Leon Panetta ABŞ-nyň Siriýadaky ýagdaýa üns bilen syn edýänligini we Başar al-Assady wezipesinden çekilmäge çagyrýandygyny aýtdy.

Leon Panetta Siriýadaky ýagdaýyň aladalanma dörediji bolup galýanlygyny, barlyşyk baradaky çagyryşlaryň bolsa başa barmaýanlygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Kofi Annanyň özi-de taraplaryň ýaraşygyň şertlerini ýerine ýetirişinden aladalanma bildiripdir.

“Biz Assady wezipesinden çekilmäge ündemegimizi dowam etdirýäris. Ýagdaý üýtgemeli. Ol köp sanly adam pidalaryna sebäp bolup, kanunçylygyň çäginden çykdy” diýip, ABŞ-nyň Goranmak sekretary Leon Panetta aýtdy.

Şeýle-de, Leon Panettanyň sözlerine görä, amerikan razwedkasy Siriýada “Al–Kaýdanyň” bardygy, emma onuň terrorçylykly hüjümlerdäki rolunyň anyk däldigi barada habar beripdir.

Hüjümleriň jogapkärçiligi

Hepdäniň penşenbe güni Damaskda bolan partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir tarap öz üstüne almady, emma hökümet we oppozisiýa muny birek-biregiň üstüne atmaga çalyşdy.

Oppozisiýanyň wekili terrorçylykly hüjümde Assadyň hökümetini aýyplady we hökümetiň şeýdip, ýurduň terroçylyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolanlygy barada halkara jemgyýetçiliginde pikir döretmek isleýänligini aýtdy.

Partlamalar harby razwedka binalaryna zarba urdy.

Bu hüjümlerden bir gün öň ýurtda ok atyşygy togtatmak boýunça alnyp barylýan prosese syn edýän BMG-niň synçylarynyň golýaýynda hem bomba ýarylypdy.
XS
SM
MD
LG