Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekinde ŞHG-niň maslahaty geçirilýär


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleri Pekinde ýygnanyşdylar, 11-nji maý.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleri Pekinde ýygnanyşdylar, 11-nji maý.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleri anna güni Pekinde ýygnanyşyp, regionda terrorçylyga garşy göreş hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýarlar.

Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jiýeçi Owganystandaky, Ýakyn Gündogardaky hem-de Demirgazyk Afrikadaky ýagdaýlar barada alada bildirip, bu regionlarda bolup geçýän wakalaryň Merkezi Aziýa regionyna ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini aýtdy.

“Biz Owganystandaky, Ýakyn Gündogardaky hem-de Demirgazyk Afrikadaky ýagdaýlar bilen bagly alada bildirmegimizi dowam etdirýäris. Biz Owganystanda parahatçylygy ornaşdyryp, bu ýurduň ösmegine konstruktiw görnüşdäki goşandy goşmagy dowam etdirmegi teklip edýäris” diýip, Ýaň Jiýeçi aýtdy. “Biz BMG-niň düzgünnamalaryndaky prinsiplere gyşarnyksyz eýerip, halkara kanunlary berjaý etmäge, regiondaky milletleriň garaşsyz kararyna hormat goýmaga çagyrýarys. Şeýle hem regionyň töwereginde asudalygy, durnuklylygy hem ösüşi üpjün etmek ugrunda hereket etmäge çagyrýarys”.

Şeýle hem Hytaýyň baş diplomaty anna güni geçirilýän sammitde regiondaky ýurtlaryň özbaşdaklygyna hem howpsuzlygyna abanýan howpuň öňüni almak meselesi boýunça özara maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

“Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dünýäde döreýän dürli täze howp-hatara jogap bermek ukybyny ösdürmelidigi barada biragyzdan ylalaşdyk” diýip, Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jiýeçi aýtdy. “Bu ugurdan ilki bilen edilmeli işleriň hataryna guramamyza agza ýurtlaryň howpsuzlygyny hem özbaşdaklygyny goramak üçin krizisiň ýüze çykmak mümkinçiligini öňünden anyklamak hem adatdan daşary ýagdaýlarda tizden-tiz hereket etmek ukyplarymyzy kämilleşdirmek ýaly çäreler girýär”.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan agza bolup durýarlar. Bu guramanyň düýbi 1996-njy ýylda Şanhaýda tutulyp, ilkibaşda ol “Şanhaý bäşligi” diýlip atlandyrylýardy. Bu guramanyň ady 2001-nji ýylda oňa Özbegistan hem agza bolup goşulansoň özgerdildi. Bu gurama girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň anna güni geçirilýän sammiti 6-7-nji iýunda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň liderleriniň sammitiniň gün tertibini kesgitlemek maksady bilen geçirilýär.
XS
SM
MD
LG