Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň hökümeti Orsýetiň bildiren aýyplamalaryny ret etdi


Anna güni Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň gizlin gulluklarynyň çeçenistanly söweşijileriň lideri Doku Umarow bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri barada Orsýetiň aýyplamalaryny ret etdi.

Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni Orsýetiň terrorizme garşy göreş boýunça Milli Komiteti Gürjüstanyň separatistik Abhaziýa regionyndan uly möçberde bikanun ýaraglaryň we partlaýyjy maddalaryň tapylandygyny habar berdi.

Orsýetiň bu edarasy ele salnan ýaraglaryň çeçenistanly söweş lideri Doku Umarowyň söweşijileri tarapyndan 2014-nji ýylda Soçide geçjek gyşky Olimpiadany nyşana almak üçin ulanylmaga taýýarlanandygyny öňe sürýär.

Doku Umarowa bolsa Orsýet Gürjüstanyň gizlin gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmekde güman bildirip gelýär.
XS
SM
MD
LG