Sepleriň elýeterliligi

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy protestler üçin jerimäni artdyrmak isleýär


Moskwada geçen soňky protest çykyşlarynyň yzy bilen anna güni Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy bikanun demonstrasiýalar üçin salynýan jerimeleriň möçberini artdyrmak teklibini parlamente hödürledi.

Bu hödürlenen kanuny proýektde rugsat berilmedik jemgyýetçilik çäreleri üçin salynýan jerimäniň möçberini 1.5 million rubla, ýagny 50 müň dollara ýetirmeklik teklip edilýär.

Ýurduň mediasy bu teklip boýunça ses berişligiň şu maý aýynyň ahyryna çenli geçirilmeginiň mümkindigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG