Sepleriň elýeterliligi

Her müşderä bäş SIM-kart


“Altyn asyr” özüniň alyp barýan işleri, müşderileriniň şikaýatlary barada halka köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly maglumat bermeýär.

“Altyn asyr” özüniň alyp barýan işleri, müşderileriniň şikaýatlary barada halka köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly maglumat bermeýär.

Türkmenistanda ýeke-täk mobil aragatnaşygyny hödürleýän döwlete degişli “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň, isleg bildirilen halatynda, her müşderisine bäş sany SIM-kart bermek düzgünini ýola goýandygyny bu kärhananyň müşderilere hyzmat ediş ofisinde habar berdiler.

2010-njy ýylda ýurtda MTS kompaniýasynyň işi togtadylandan soň “Altyn asyryň” SIM-kartlaryny satyn almakda çäklendirmeler girizilip, her bir müşderi bir SIM-kart satyn alyp bilýärdi. Şu ýylyň mart aýynyň ahyryndan bolsa isleg bildiren her bir müşderä iki SIM-kart berlip başlandy.

“Altyn asyryň” SIM-kartlaryny satyn almak boýunça çäklendirmeleriň gowşadylmagyna oňyn iş hökmünde garalýandygyna garamazdan, bu döwlet kärhanasynyň hyzmatlarynyň hili ýaramaz bolmagynda galýar. Bu kärhananyň müşderileriniň arasynda “antenna gözlemek, sistema işlänok, internet haýal” diýen ýaly sözler ýygy-ýygydan eşidilýär. Hut Aşgabat şäherinde-de “Altyn asyryň” aragatnaşyk signalynyň pes ýerleri bar.

Aşgabadyň Azatlyk etrabynyň Hitrowka raýony raýony edil şonuň ýaly ýerlerden biri. Hitrowkanyň 34 ýaşly ýaşaýjysy Geldiniň aýtmagyna görä, “onuň ýaşaýan öýünden 1 kilometrlik uzaklykda “Altyn asyryň” antennasynyň ýerleşýändigine garamazdan, ol köplenç halatda diňe şol antennanyň edil gabadyna baryp, arkaýyn mobil telefony arkaly gepleşip bilýär”.

“Alo, eşidýäňmi???”

Mobil telefonda batly ses bilen gürleşip, öz söhbetdeşine birzatlary düşündirjek bolýan adamlara şäheriň köp ýerinde duşmak bolýar.

Mobil telefonda batly ses bilen gürleşip, öz söhbetdeşine birzatlary düşündirjek bolýan adamlara şäheriň köp ýerinde duşmak bolýar.

“Interned-ä bir tarapda dursun, meniň öýümde “Altyn asyryň” adaty mobil telefon hyzmatyndan hem peýdalanmak örän kyn. Mobil telefonda gürleşenimde söhbetdeşimiň sesi bölünip gelýär. Käbir sözleri bolsa kesilýär. Şonuň üçin her gezek “Altyn asyryň” antennasynyň ýanyna baryp gepleşmeli bolýaryn” diýip, Geldi gürrüň berýär.

Geldiniň ýüzbe-ýüz bolýan problemasy paýtagtyň beýleki raýonlarynda hem seýrek duş gelýän ýagdaý däl. Mobil telefonda batly ses bilen gürleşip, öz söhbetdeşine birzatlary düşündirjek bolýan adamlara şäheriň köp ýerinde duşmak bolýar.

“Sistema işlänok” diýen jümle hem bu monopolist kärhananyň ofislerinde müşderileriň iň köp eşidýän sözleriniň birine öwrülip barýar. “Sistema işlänok” diýmeklik, beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu kärhananyň ofislerinde öz pul balansyňy doldurmak wagtlaýynça mümkin däl diýildigi bolýar.

Bu ýagdaý müşderileriň käbirlerini şol wagtyň özünde hyzmat ediş ofisini terk etmäge mejbur edýän bolsa, käbirlerini ençeme wagtlap kassanyň öňünde garaşmaga mejbur edýär. Hitrowkaly Geldi hem şeýle ýagdaýa duçar bolanlardan biri.

“Dogry, “sistema işlänok” diýen duýduryşdan soň bu kärhananyň töleg kartlaryny satyn alyp bolýar. Ýöne näme üçindir käbir kassalarda şol töleg kartlarynyň asyl bahasynyň üstüne ýene-de 10 teňňe tölemeli bolýar. Käbirlerinde bolsa tölemeli däl” diýip, Geldi aýdýar.

“Altyn asyr” özüniň alyp barýan işleri, müşderileriniň şikaýatlary barada halka köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly maglumat bermeýär. Hatda özüniň müşderilere hyzmat edýän ofislerinde hem köplenç halatda täze girizilýän üýtgetmeler barada bildirişler asmaýar. Maglumatlar halk arasynda diňe dilden-dile geçip ýaýraýar.

“Google” hyzmatlaryndan peýdalanmak görgi

Bu ýagdaýyň “Altyn asyryň” müşderilerinde nägilelik döredýändigini 27 ýaşly aşgabatly Merdan aýdýar. Bir daşary ýurt kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinde işleýän Merdan “Altyn asyryň” 3G internet hyzmatyndan peýdalanýanlardan biri. Merdan işleýän kompaniýasynyň daşary ýurtdaky esasy ofisi bilen “Google” kompaniýasynyň “Gmail” elektron poçtasy arkaly habarlaşýar. Emma ol soňky wagtlar “Altyn asyryň” internet aragatnaşygy arkaly “Gmail” elektron poçtasynyň durnukly işlemeýändigini aýdýar.

“Esasanam dynç günleri Gmail-a girip bolmaýar. Hepdäniň beýleki günlerinde hem köplenç bu elektron poçta girmek örän kyn. Emma “Altyn asyryň” hyzmat ediş ofisinden bu ýagdaý barada düşündiriş aljak bolanymda, kärhananyň işgärleri hiç bir takyk zat aýdyp bilmediler. Özümizem bilemzok diýdiler” diýip, Merdan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Altyn asyryň” hödürleýän internet aragatnaşygy arkaly “Gmail” elektron poçtasyna girip bolmazlygy munuň ýörite edilýändigi baradaky çaklamalary hem döretdi. Sebäbi “Gmail” poçtasyna proksi-serwerler arkaly hiç bir kynçylyksyz girip bolýan mahaly “Altyn asyryň” internet aragatnaşygyndan girip bolmaýardy. Hatda “Google” kompaniýasynyň “Android” operasion sistemalary üçin niýetlenen internet bazaryna girmek hem görgi.

Hitrowkaly Geldi 2010-njy ýylyň ahyryndan bäri ýurtda mobil aragatnaşygyny hödürleýän döwlete degişli ýeke-täk kärhananyň şunça wagtyň içinde iň ýönekeý mobil telefon aragatnaşygyň hilini ýokarlandyryp bilmänligini aýdyp, bu ýagdaýdan nägileligini bildirýär.

“Diňe men däl, bu kärhananyň hödürleýän hyzmatlarynyň hilini tankytlamaýan türkmenistanly galmadyk bolsa gerek. Uly-kiçi tapawudy ýok, “Altyn asyr” öz adyna mynasyp däl. Ýakyn wagtda ýene-de MTS gelýär diýýärler. Adamlar şoňa garaşýarlar” diýip, Geldi janygyp aýdýar.

Ilat arasynda “Altyn asyryň” hödürleýän hyzmatlarynyň hiline bolan häzirki garaýyşlaryň fonunda onuň her müşderä bäş SIM-karty bermek aksiýasy onuň bu ýagdaýdan habarly bolan müşderilerinde o diýen uly reaksiýa döretmedi.

Emma geljek 3-6 aýyň aralygynda Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlarynyň Türkmenistanda täzeden ýola goýuljakdygy baradaky habar welin “Altyn asyryň” müşderilerinde uly gyzyklanma döretdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG