Sepleriň elýeterliligi

Jaýlaryň ýumrulmagy we döwlet syýasaty


"Käbir ýerli ýaşaýjylar Aşgabadyň gaýrasyndaky Çoganlyda soňky 2-3 ýylda ýykylan jaýlaryň sanynyň bärsinden 200 gowrakdygyny we ýykylma howpunyň henizem saklanyp galýandygyny aýdýarlar".

"Käbir ýerli ýaşaýjylar Aşgabadyň gaýrasyndaky Çoganlyda soňky 2-3 ýylda ýykylan jaýlaryň sanynyň bärsinden 200 gowrakdygyny we ýykylma howpunyň henizem saklanyp galýandygyny aýdýarlar".

Aşgabadyň eteginde, Berzeňňi massiwinde ýakyn wagtda ýykylan we ýykylýan jaýlaryň sanynyň 50-den agdykdygy barada maglumat alyndy. Ýöne ol ýerde häzir jaýlary ýykmagyň biraz yza tesdirilendigi we oňa ýaşaýjylaryň häkimiýetlere ýüz tutmasynyň sebäp bolandygy-da aýdylýar.

Käbir ýerli ýaşaýjylar Aşgabadyň gaýrasyndaky Çoganlyda soňky 2-3 ýylda ýykylan jaýlaryň sanynyň bärsinden 200 gowrakdygyny we ýykylma howpunyň henizem saklanyp galýandygyny aýdyp, muňa Garagum kanalynyň üstünden gurulýan dört sany äpet köprüniň gurulýandygyny sebäp edip görkezýärler.

Diňe Aşgabadyň dag tarapynda öň bag ekmek üçin diýlip berlen ýerlerde gurlan 5 müňden gowrak daçanyň ýykylanldygy barasynda-da muny gözi bilen gören, öz başyndan geçiren adamlar gürrüň berdiler. Kaspiniň kenarynda – Awazada ýykylan daça-jaýlarynyň 14 müň töweregedigini tassyklaýan ýaşaýjylar-da bar.

Eýsem, näme üçin adamlar daça melleginde köp otagly ýaşaýyş jaýyny gurýarlar? Ýurduň dürli künjeklerinde jaýlaryň ýykylmagy ilat köpçüliginiň ykbalyna nähili täsir ýetirdi we ýetirýär? Öýi ýykylan adamlara häkimiýetler tarapyndan maddy, ruhy goldaw berilýärmi, ilatyň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmasy Türkmenistanda hereket edýän kanunlara gabat gelýärmi? Bu ýagdaýlara nähili çözgütler bar?

Şu temadan geçirilen Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG