Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar Bahreýne täzeden ýarag satyp başlamakçy


Şenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Bahreýne ýaraglaryň käbir görnüşini eksport etmekligi täzeden ýola goýmagy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Waşingtonyň henizem Bahreiýndäki ýagdaýlara we polisiýa tarapyndan protestçilere garşy güýç ulanylmagyna alada bildirýändigini belledi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol Birleşen Ştatlaryň Bahreýne protestçilere garşy ulanyp bolaýjak ýarag enjamlaryny satmajakdygyny nygtady.

Geçen ýylyň başyndan bäri aglaba ilaty şaýylardan ybarat Bahreýnde protestçiler has köp azatlyklary we hukuklary talap edip, sünni mezhebinden bolan şa maşgalasynyň režimine garşy protest bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG