Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HIV wirusyna garşy täze dermanyň döredilendigi aýdylýar


Birleşen Ştatlaryň Azyk we Derman senagaty boýunça komissiýasy HIV infeksiýasynyň öňüni almak üçin döredilen täze dermany oňlap, beýanat etdi.

Bu baradaky maglumatda täze döredilen “Truwada” atly dermanyň gomoseksual erkekleriň HIV infeksiýasy bilen kesellemek howpuny 44% bilen 73% aralygynda peseltmäge ukyplydygy aýdylýar.

Maglumata görä, bu täze döredilen “Truwada” dermany HIV wirusy bilen kesellemek howpy bolan adamlaryň gündelik içmekleri üçin niýetlenilen.
XS
SM
MD
LG