Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa tussaglykdaky iki sany türkiýeli žurnalisti boşatdy


Eýranyň ara durmagynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde şenbe güni Siriýanyň häkimiýetleri tussaglykdaky iki sany türkiýeli žurnalisti azatlyga goýberdiler.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Siriýanyň territoriýasyna baran türkiýeli žurnalistler Hamit Çoşkun bilen Adem Ozkose Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilipdiler. Olaryň häzirki wagt Eýranyň üsti bilen Türkiýä barýandyklary habar berilýär.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni Siriýanyň Aleppo şäherinde janyndan geçen bir hüjümçiniň mikroawtobusa ýerleşdirilen 1 müň 200 kilogramlyk ýasama bombany partlatmakçy bolanda, onuň howpuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG