Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda bosgunlar meselesi boýunça halkara konferensiýa açyldy


Anna güni Aşgabatda “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” ady bilen halkara konferensiýasy açyldy. Bu konferensiýa Türkmenistanyň hökümeti, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygy tarapyndan bilelikde gurnaldy.

Konferensiýanyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, BMG-niň Bosgunlar boýunça Baş komissary Antonio Guterreş we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ekmeleddin Ihsanoglu dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda şu günki gün musulman ýurtlaryndaky bosgunlar bilen baglanyşykly bar bolan ýiti problemalara we olary çözmekligiň ýollary baraky meselelere ünsi çekdiler.

Aşgabatdaky bu konferensiýanyň çäklerinde palestinaly bosgunlaryň problemalaryna bagyşlanylyp, aýratyn maslahatyň-da geçiriljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG