Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rasmussen: “Çikago sammitinde anyk sanlaryň gürrüňi edilmez”


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen NATO-Orsýet Geňeşiniň maslahatynyň yzy bilen metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Brýussel, 19-njy aprel, 2012.
NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen NATO-Orsýet Geňeşiniň maslahatynyň yzy bilen metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Brýussel, 19-njy aprel, 2012.
Ýakynda NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen Ýewropada ýerleşdirilmegi planlaşdyrylýan howa gorag sistemasy barada Moskwanyň bildirýän aladalaryny ýerliksiz diýip atlandyrdy. Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy jenap Rasmussen bilen şu we käbir beýleki meseleler barada ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Rasmussen, NATO-nyň Ýewropada gurmak isleýän raketa gorag sistemasy barada Orsýetiň beren duýduryşlary NATO bilen Orsýetiň arasyndaky gepleşikleri ýaramazlaşdyryp bilermi?

Anders Rasmussen: Elbetde, beýle beýanatlar alada döredýän ýagdaý we ol biziň Lissabonda geçiren soňky gepleşigimizde gelen kararymyza laýyk gelmeýän bir zat.

Iki ýyla golaý mundan ozal biz Lissabonda NATO-Orsýet sammitini geçirdik we şonda öz aramyzda hakyky strategik partnýorlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldik. NATO-nyň territoriýasyna garşy ýaraglary gönükdirmek barada beýanat etmeklik we haýbat atmaklyk hakyky strategik partnýorlygy ösdürmekligiň maksatlaryna laýyk gelmeýär. Şoňa görä-de, men şeýle beýanatlara gaty gynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: NATO-nyň Çikagoda geçjek indiki sammitinde Owganystan bilen 2014-nji ýyldan soňky hyzmatdaşlyklar barada anyk bir karara gelinmese, bu sammiti başa barmadyk sammit hasaplap bolarmy?

Anders Rasmussen: Biz bu sammitde özümiziň 2014-nji ýyldan soňra Owganystanda alyp barjak missiýamyz barada karara geleris. Şeýle karara hemme jikme-jik meseleler boýunça gelinmezligi-de mümkin, ýöne biz 2014-nji ýyldan soň Owganystan bilen nähili gatnaşykda boljakdygymyzy kesgitläris.

Azatlyk Radiosy: Owganystanyň öz howpsuzlyk güýçlerini maliýeleşdirmek meselesine gezek gelende, siz bu barada Çikagoda anyk bir zatlary göz öňünde tutýarsyňyzmy?

Anders Rasmussen: Çikago konferensiýasy anyk bir wada beriji konferensiýa bolmaz. Şoňa görä-de, siz onda anyk bir sany görmersiňiz. Emma men özümiziň käbir ýaranlarymyzyň we partnýorlarymyzyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine berjek maliýe ýardamlary barada anyk beýanatlar bilen gelmeklerine garaşýaryn.

Biziň plan boýunça takmynan garaşýan zadymyz – Owganystanyň uzak wagtlaýyn durnukly bir howpsuzlyk güýjüniň bolmagy üçin ýylda 4 milliard dollar serişdäniň goýberilmegi. Mundan daşary, men NATO-nyň ýaranlary we Owganystandaky halkara ýardam güýçleri-de öz “pul goşantlaryny” goşarlar diýip garaşýaryn.

Biz Çikagodaky sammitde anyk sanlar barada gürrüň etmeris. Emma men pul goşantlaryny goşmakda, umuman, goldawlar bolar diýip umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG