Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň täsirli araçy wekili öldürildi


Talybanlaryň ozalky resmisi we soňra hökümetiň araçy wekili bolup işläp gelen Arsala Rahmaniniň Kabulda žurnalistlere interwýu berýän pursady. Kabul, 26-njy ýanwar, 2012.

Talybanlaryň ozalky resmisi we soňra hökümetiň araçy wekili bolup işläp gelen Arsala Rahmaniniň Kabulda žurnalistlere interwýu berýän pursady. Kabul, 26-njy ýanwar, 2012.

Ýekşenbe güni Owganystanyň parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşiniň agzasy, talybanlar bilen gepleşiklerdäki täsirli araçy wekili Arsala Rahmani näbelli bir adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Talybanlaryň ozalky resmisi we soňra hökümetiň araçy wekili bolup işläp gelen Arsala Rahmaniniň atylyp öldürilmegi talybanlara garşy alnyp barylýan uruşlara syýasy çözgüt tapmak ugrunda hökümetiň edýän tagallalaryna urlan bir zarba hökmünde kabul edildi.

Kabulyň polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary general Dawud Emin bu hüjümiň ýekşenbe güni irden Arsala Rahmaniniň öýüniň golaýynda, köçede amala aşyrylandygyny aýtdy.

Talyban güýçleriniň mundan öň Owganystanyň parahatçylyk boýunça araçy wekillerini nyşana aljakdyklaryny aýdandyklaryna garamazdan, olar bu hüjümiň özlerine degişlidigini ret etdiler.

“Iň täsirli şahsyýetlerden biridi”

Arsala Rahmani Talyban söweşijileri bilen barlyşyk gepleşiklerini alyp barmak üçin Owganystanyň prezidenti tarapyndan ýörite bellenilen 70 töweregi araçy wekilden biridi.

Owganystanyň parahatçylyk boýunça bu Ýokary Geňeşiniň agzalarynyň arasynda täsirli tire-taýpa wekilleri we hökümet resmileri bilen birlikde, talybanlaryň düzüminde bolan ozalky Talyban resmileri-de bar. Şolardam birem Arsala Rahmanidi.

Owganystandaky Talyban meseleleri boýunça bilermen Wahid Mujda Arsala Rahmanini parahatçylyk boýunça Geňeşiň düzümindäki iň bir täsirli şahsyýetlerden biri hökmünde häsiýetlendirdi.

“Rahmani parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşde türmeler baradaky komissiýa ýolbaşçylyk edýärdi. Ol kimleri türmeden boşatmalydygy bilen bagly meseleler boýunça iş alyp barýardy. Guantanamo türmesindäki bäş sany owganystanly tussagyň boşadylmalydygy baradaky teklibi-de şol öňe sürüpdi. Umuman, Rahmani parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşde iň bir möhüm we täsirli şahsyýetlerden biridi” diýip, analitik Wahid Mujda belledi.

Nobatdaky hüjümlerden biri

Arsala Rahmani 1980-nji ýyllarda mujaheddinleriň komandiri hökmünde Sowet goşunlaryna garşy söweşipdi. 1990-njy ýyllaryň başlarynda ol gysga wagtlyk Owganystanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiripdi.

Burhaneddin Rabbaniniň ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ol az wagtlyk premýer-ministriň orunbasary wezipesinde-de işledi. Birneme soňra, Talyban režimi döwründe Arsala Rahmani ýokary bilim boýunça ministriň orunbasary bolup işledi.

Talybanlar häkimiýetden agdarylandan soň, ol Hamid Karzaýyň hökümeti bilen barlyşyga girip, ýurduň parlamentine deputat saýlanypdy.

Arsala Rahmaniniň ölümi soňky wagtlar talybanlar bilen Owgan hökümetiniň parahatçylyk gepleşiklerine dahylly şahsyýetleriň janyna kast edilmegi bilen baglanyşykly nobatdaky bir waka hökmünde alamatlandy.

Şu maý aýynyň başynda Owganystanyň Milli howpsuzlyk departamentiniň başlygy Rahmatullah Nabil Owganystanyň hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine barýan talybanlaryň 26 sany wekiliniň-de näbelli ýaragly adamlar tarapyndan öldürilendigini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG