Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz ünsden sowa geçmedi, emma…


Daşoguz şäheriniň köçelerinden biriniň görnüşi. Daşoguz, mart, 2012.

Daşoguz şäheriniň köçelerinden biriniň görnüşi. Daşoguz, mart, 2012.

Dogrymy aýtsam, Türkmenistanyň prezidentiniň ýygy-ýygydan geçirýan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlaryny, Ministrler Kabinetiniň her hepdäniň anna günlerindäki mejlisleriniň aglabasyny, umuman aýdylanda, gün-güzerany zordan aýlanýan ýonekeý raýatlar üns berip diňleýändir diýip aýtmaga mende esas ýok.

Emma 1-nji maýda geçirilen maslahat ozalkylardan birneme tapawutly boldy. Beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryny-ha bilmedim, ýöne, meniň pikirimçe, şol maslahat we onda gozgalan temalar daşoguzlylarda belli bir derejede gyzyklanma döreden bolmagy ähtimal.

Çüňki ol maslahatda soňky iki onýyllygyň dowamynda , megerem, ilkinji gezek sosial-ykdysady taýdan ösüşde yza galan welaýatyň ýaşaýjylaryny tolgundyrýan, olaryň durmuşyny agyrlaşdyrýan problemalar hakynda aýratyn gürrüň gozgaldy.

Kemçilikler sanardan kän

Özüni Hydyr diýip tanadan, Akdepe etrabyndan 47 ýaşly bir kärendeçi: “Eger hökümet başlygynyň ýörite tabşyrygy boýunça onuň iki sany orunbasary Daşoguz welaýatyna barlag bilen gelmedik bolsa, onda biziň durmuşymyzdaky bar bolan kemçilikler ýene onlarça ýyl şol öňküsi ýaly aradan aýrylman galardy.

Şeýlelikde, welaýatda kemçilikleriň barlygy hakynda, iň bolmanda, resmi taýdan agzaldy, olar boýun alyndy. Munuň özi bizde gowulyga tarap ösüşüň boljakdygy barada umyt döretdi” diýip, gürrüň berdi.

Maslahatdan birnäçe gün öň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýew bilen A.Ýegeleýew Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, olar saparyň barşynda oba ilatynyň zähmet we durmuş şertlerinde birnäçe kemçilikleri ýüze çykardylar we olar barada G.Berdimuhamedowa degişli maglumat berdiler.

Ol maglumatdan çen tutsaň, döwlet derejesinde kabul edilen “Oba” maksatnamasy Daşoguz welaýatynda ýylyň-ýylyna dürli bahanalar we sebäpler bilen ýerine ýetirilmändir. Oba ýerlerinde awtoýollaryň, köprüdir geçelgeleriň uly bir bölegi öňki Soýuz döwründe gurulany bäri remont garasyny görmändirler, olaryň aglabasy hatardan çykan halda.

Şeýle-de, Daşoguz iň garyp welaýatlardan biri, adamlaryň, aýratynam, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi uly problema. Obalarda çagalar baglary, senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly desgalar ýetmezçilik edýär. Welaýatda hatda ilat ýylyň-ýylyna içimlige ýaramly suwy uzak ýerlerden pul berip getirdýär. Bu problema, her ýyl bolşy ýaly, tomus we gyş aýlarynda hasam ýitileşýar.

Problemalar agzaldy, emma…

1-nji maýda geçirilen wideoşekilli maslahat Daşoguzyň ýaşaýjylaryny gyzyklandyrandyr diýenimde men şu agzalan zatlary göz öňünde tutupdym. Ynha, şu maslahatda uzak wagtdan bäri ilkinji gezek edil şol problemalar hakda gürrüň edildi. Onda çözgüt tapdylar diýjek däl, keminden gürrüň edildi, diňe gürrüň däl, anyk sanlaram getirildi.

Bu maslahatda hut prezident öz agzy bilen 2008-2011-nji ýyllarda welaýatda gurlup, ulanmaga berilmeli 143 medeni-durmuş desgadan häzire çenli diňe bary-ýogy 65-siniň gurluşyk işleriniň tamamlananlygyny aýtdy. Ol 61 binada möhletiniň geçendigine garamazdan, işleriň henizem dowam edýänligini, 17-siniň gurluşygyna bolsa asla girişilmänligini aýtdy.

Has möhümi, maslahatda agyz suwy, awtomobil ýollarynyň ýagdaýy, elektrik geçirijileriniň durumy barada gürrüň edilip, 2008-2011-nji ýyl boýunça planlaşdyrylan proýektleriň bary-ýogy üçden bir bölegine barabar işleriň tamamlananlygy boýun alnyp, prezident degişli ýolbaşçylara agzalýan desgalaryň gurluşyk işleriniň haýdan-haý tamamlanmagyna tabşyryk berdi.

Elbetde, göýberilen kemçilikleriň halk köpçüliginiň öňünde boýun alnyp, prezidentiň degişli ýolbaşçylara tabşyryk bermegi plandaky şol proýektleriň amala aşyryljagy barada umyt döredýär. Emma köküni Nyýazowyň döwründen alyp gaýdýan bu problemalaryň bir aý, bir ýylda çözüljegine-de garaşylanok.

Ýagdaýdan çykalga ýok däl

Daşoguzlylaryň käbirleriniň aýtmagyna gorä, şeýle problemalar sebäpli welaýatyň ösüşde yza galaklygy öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanypdy. “Biziň welaýatymyz we onuň ýaşaýjylary onuň üçin öweý eneden bolan ýalydyk, Nyýzowyň döwründe bizde ne idilli senagat kärhanasy guruldy, ne-de iş orunlary döredildi” diýip, özüni Hydyr diýip tanadan ýerli kärendeçi aýdýar.

Dogry, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet başyna gelmegi bilen, bu ugurda welaýatda käbir işler edildi, täze desgalar peýda boldy, birneme iş orunlary-da döredildi.

Ýöne ýurduň beýleki sebitlerinde edilen işler bilen deňeşdireniňde, Daşoguz welaýatyndaky bitirilen işler ýene-de ujypsyzja bolup görünýär. Mysal üçin, oba hojalyk önümlerini öndürýän bu welaýatda ýekeje-de karbomid, kaliý, azot, fosfor ýaly dökünleri öndürýän zawoddyr kärhana ýok. Dökünler beýleki welaýatlardan getirilýar.

Daşoguzly işsiz ýaşlar henizem iş gözläp Türkiýe, Orsýet, Arap Emirlikleri, Eýran ýaly döwletlere ýa-da ýurduň beýleki welaýatlaryna gitmäge mejbur bolýarlar.

Daşoguzly pensioner Sapar aganyň sözlerine görä, häzir ýagdaý kem-kem düzelip, birneme gowulyga tarap barýar. Ýöne, entegem etmeli işler gaty köp. Ilkinji nobatda welaýata häkim edip çem gelen adamy däl-de, öz şahsy jogapkärçiligini ýiti duýýan, işeňňir, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hakykat ýüzünde ýokara galdyrjak bolýan, yerli şertleri oňat bilýän adamy bellemeli.

Galyberse-de, onuň aýtmagyna görä, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan welaýata bolan ünsi güýçlendirmeli, maksatnamalara laýyklykda göz öňünde tutulýan işleri bellenilen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirmegi gazanmaly.

“Welaýatymyzyň zähmetsöýer halky bar. Eger-de ýokarda oturan ketdeler bu halka öndürijilikli işlemäge, oňat ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretseler, Daşoguzyň halky yurduň gülläp ösmegine öz saldamly goşandyny iki esse köp goşardy” diýip, 76 ýaşly ýerli pensioner Sapar aga sözüne goşdy.

Kerim Artykow türkmenistanly garaşsyz synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG