Sepleriň elýeterliligi

Mahmud Abbas Ysraýylyň ýokary derejeli wekili bilen duşuşdy


Ýekşenbe güni Ysraýylyň we Palestinanyň liderleri özara parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyny goldaýandyklaryny aýdyp, beýanat ýaýratdylar.

Bu wakanyň öňýany Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahuwyň ýörite wekili Isaak Molko bilen Palestinanyň lideri Mahmud Abbas bu mesele boýunça özara gepleşik geçirdiler.

Ýöne taraplaryň beýanatlaryna garamazdan, Ysraýylyň habar serişdeleri basylyp alnan ýerlerde jaý gurluşyklarynyň togtadylmagyny talap edýän Palestinanyň bu talaplarynyň Ysraýyl tarapyndan ýerine ýetirilmejekdigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG