Sepleriň elýeterliligi

Respublikançy Romneý gomoseksuallaryň nikasyna garşy çykyş etdi


Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasyndan prezidentlige kandidat bolmak ugrunda dalaş edýän Mitt Romneý şenbe güni giçlik gomoseksuallaryň nika baglaşmaklaryna we köpaýallylygyň bolmagyna garşy çykyş etdi.

Wirjiniýa ştatynda Hristian uniwersitetinde eden bu çykyşynda ol Amerikan halkynyň gymmatlyklarynyň esasynda hristian gymmatlyklaryna esaslanýan maşgala prinsipleriniň durýandygyny nygtady.

Bu wakadan üç gün öň Demokratik partiýadan prezident Barak Obama gomoseksuallaryň resmi nika baglaşmaga hukuklarynyň bardygyny nygtap çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG