Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň prezidenti partiýalaryň liderleri bilen gepleşik geçirýär


Gresiýanyň prezidenti Karlos Papoulias parlament saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmeginiň öňüni almak hem-de täze saýlanan parlamentde koalisiýa döretmek maksady bilen ýekşenbe güni üç sany esasy partiýanyň liderleri bilen gepleşige başlady.

Ýewropadan kredit alynmagynyň tarapynda çykyş edýän Sosialistik PASOK partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos parlamentden uly orun alan radikal çepçiler partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras bilen anna güni koalisiýa döretmek meselesi barada gepleşik geçiripdi. Ýöne bu gepleşikler netijesiz tamamlandy.

Çepçileriň lideri Aleksis Tsipras Ýewropa Bileleşiginiň hödürleýän 130 milliard dollar kredit ýardamyndan ýüz öwürmeklige çagyryş edýär.

Bu meselede parlamentdäki esasy üç partiýa özara ylalaşyga gelip bilmese, onda Gresiýada parlament saýlawlary gaýtadan geçiriler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG