Sepleriň elýeterliligi

Madriddäki protestlerde azyndan 18 protestçi tussag edildi


Şenbe güni giçlik Ispaniýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň käbir şäherlerinde maliýe kynçylyklaryna protest bildirip, öň müňlerçe adam demonstrasiýa çykdy.

Ispaniýanyň paýtagty Madridde protestlere garşy komendant sagadynyň girizilendigine-de garamazdan, öň müňlerçe adam şäheriň merkezi meýdançasynda uzak gije demonstrasiýa geçirdi.

Ýekşenbe güni irden Madridde protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşygynda azyndan 18 adam tussag edildi. Polisiýa Ispaniýanyň Barselona şäherinde-de öten agşam 30 müň töweregi adamyň proteste çykandygyny mälim etdi.

Ispaniýadaky maliýe krizisiniň netijesinde häzirki wagt bu ýurtda işsizligiň derejesiniň 24 prosente ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG