Sepleriň elýeterliligi

Tbilisidäki sil heläkçiliginde azyndan bäş adam öldi


Gürjüstanyň resmileri şenbe güni agşam güýçli ýagyşyň netijesinde emele gelen sil heläkçiliginde paýtagt Tbiliside azyndan bäş adamyň ölendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, güýçli ýagyşyň netijesinde Tbilisiniň golaýyndaky Kura derýasy öz kenaryndan agyp, şäheriň Ortahala atly raýonynda sil heläkçiliginiň ýüze çykmagyna getiripdir.

Ýerli ýaşaýjylar sil suwunyň derejesiniň üç metre çenli ýetendigini we käbir jaýlary-da ýykandygyny aýdýarlar.

Tbilisiniň meri Gigi Ugulawa edil häzirki wagt çekilen ýitgileriň möçberini kesgitlemegiň kyndygyny aýtdy we bu wakada ejir çeken maşgalalara maliýe ýardamlarynyň beriljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG