Sepleriň elýeterliligi

Awstriýada üç günläp Türkmenistanyň medeni günleri geçirildi


Awstriýada üç gün dowam eden Türkmenistanyň medeni günleri şenbe güni tamamlandy. Bu medeni günleriň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri awstriýaly tomaşaçylaryň öňünde dürli aýdym-saz programmalary we sungat sergileri bilen çykyş etdiler.

Medeni çäreleriň ikilenji güni Wena şäherindäki “Odeon” teatrynda Türkmenistanyň milli muzeýinden etnografiýa degişli eksponatlar, şeýle hem “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Şükür bagşy” çeper filmi we “Türkmen halysy” atly dokumental film hem tomaşaçylara görkezildi.

Türkmenistanyň medeni günleriniň ýapylyş dabarasy hem şenbe güni şol teatrda uly konsert programmasy bilen jemlendi.
XS
SM
MD
LG