Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeni çäre türkmen aktiwistini sygdyrmady


10-12-nji maý günleri Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň medeni günleri geçirildi.
10-12-nji maý günleri Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň medeni günleri geçirildi.
Geçen hepde, 10-12-nji maý günleri Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň medeni günleri geçirildi. Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Awstriýanyň paýtagtynda türkmen medeni günleriniň geçirilişi barada Wenada ýaşaýan, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topaprynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň medeni günleriniň Awstriýa Respublikasynda haçan hem haýsy teatrlarda, zallarda geçiriljekdigi öňünden ýerli metbugatda, beýleki habar serişdelerinde, kino-konsert zallaryň öňündäki afişalarda habar berildimi?

Farid Tuhbatullin: Ýok, gynansagam, onuň ýaly zada hiç ýerde gabat gelmedim. Bilşiňiz ýaly, Wena dünýäniň medeni merkezleriniň biri. Bu ýerde dürli konsertler, beýleki medeni çäreler köp geçirilýär. Türkmenistanyň medeni günleri barada hiç zat ýazylmady, aýdylmady, biz şol günleriň geçiriljegini resmi saýtlaryň birinden bilip galdyk.

Azatlyk Radiosy: Medeni günleriň geçişine tomaşa etmäge, konsertleri diňlemäge bardyňyzmy?

Farid Tuhbatullin: Men medeniýete we sungata, onda-da öz watanymyň- Türkmenistanyň aýdym- sazyna uly hormat goýýan adam hökmünde çagalar bilen baryp görmegi planlaşdyrdyk. Gowy keýp bilen ugradyk. Men “Hronika Turkmenistana” saýtynyň redaktory hökmünde saz diňläp, belki, Türkmenistandan gelen medeniýet işgärleri bilen gürleşip, gowy bir material hem taýýarlaryn diýen niýet bilen bardym. Bu bir syýasatsyz, medeni çäre. Şeýle keýp bilen ogullarymam alyp bardym.

Azatlyk Radiosy: Nähili garşyladylar, aýdym-saz diňläp, geçirilýän çärelere tomaşa edip bildiňizmi?

Farid Tuhbatullin: Girmek erkin hem mugt diýlip yglan edildi. Oglum biraz öň bardy, ol içeri girip gitdi. Konsert başlanýança, sazandalaryň gurallaryny düzüşine, konserte görýän taýýarlyklaryna tomaşa edip, birnäçe suratam alyp ýetişipdir. Konsert başlanmazynyň öň ýany menem ýetip bardy. Menden öňdäki adamlar girip gitdiler. Gara geýimli, boýny galstukly bir ýigit ýanyma geldi hem çakylyk hat görkezmegimi sorady. Menem geň galyp: “Menden öňküler girip gitdi, olardan hiç kim hiç zat soramady” diýdim. “Ýok, konsert mugt, ýöne aýratyn çakylyk gerek” diýdi. Şol çakylyk, elbetde, mende ýok, onuň berilýän ýeri yglan edilmedi. Şol ýigit zalda meniň oglumyň bardygyny bilipdir öýdýän, zaly terk etmegi ondanam haýyş etdiler.

Azatlyk Radiosy: Konserti diňläp bilmän, yzyňyza gaýtmaly bolupsyňyz-da?

Farid Tuhbatullin: Biz hukugymyzy talap edip, haýsydyr bir dawa turuzmak islmedik, biz watanyň sazyny diňlemek isläpdik. Çärä zyýan bermäli diýen niýet bilen sessiz-üýnsüz gaýtdyk.
XS
SM
MD
LG