Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada koalision hökümetiň düzüljegi ikuçly


Gresiýanyň ykdysadyýetini durnuklylaşdyrmak boýunça 310 milliard dollarlyk halkara ýardamyna garşy çykyş edýän syýasy toparlara ilat arasynda bildirilýän goldaw gitdigiçe güýçlenýär.
Gresiýanyň ykdysadyýetini durnuklylaşdyrmak boýunça 310 milliard dollarlyk halkara ýardamyna garşy çykyş edýän syýasy toparlara ilat arasynda bildirilýän goldaw gitdigiçe güýçlenýär.
Gresiýanyň parlamentiniň täze düzümine giren syýasy partiýalaryň arasyndaky esasy gapma-garşylyklar ýurduň ykdysady krizisden çykmak ugrundaky indiki ädimlerine degişli.

Gresiýanyň koalision hökümetini düzmek we täze saýlawlaryň geçirilmeginiň öňüni almak boýunça gepleşikler hepdäniň duşenbe güni ýene-de dowam etdirildi.

Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, prezident Karolos Papoulias 6-njy maýdaky saýlawlarda parlamentiň düzümine girmegi başaran kiçi partiýalaryň liderleri bilen duşuşýar.

Gepleşikleriň maksady

Az sanly “Demokratik çepçiler” partiýasy “Täze demokratiýa” partiýasy we sosialistik “PASOK” partiýasy bilen birleşse, onda koalision hökümeti döretmek üçin ýeterlik ses toplanar diýip, kommentatorlar belleýärler.

Hepdäniň ýekşenbe güni “Täze demokratiýa”, “PASOK” we çepçi “Syriza” partiýalarynyň arasynda geçirilen gepleşikler petige diredi. Çepçi “Syriza” partiýasy 6-njy maýdaky saýlawlarda köpleri geň galdyryp, toplan sesleriniň sany boýunça ikinji orna çykypdy.

“PASOK” partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos gepleşiklerdäki şowsuzlygyň jogapkärçiligini “Syriza” partiýasynyň üstüne atdy. “Syriza” ýurduň ykdysadyýetini halas etmek üçin çykdajylaryň mukdaryny çäklendirmekden ybarat bolan plany goldaýan islendik hökümetiň düzümine girmekden boýun gaçyrýar.

Wenizelos ýurduň ähli raýatlarynyň we syýasy ýolbaşçylarynyň akyl paýhasyna we watançylyk duýgularyna ýüzlendi. Gepleşikleriň petige dirändigine garamazdan, ol hökümetiň düzüljegine umyt baglady.

Şeýle-de Wenizelos prezidentiň konstitusion tagallalaryny doly goldaýandygyny, ýurduň oňyn pursady elden bermäge wagtynyň ýokdugyny, “boş sarp edilen wagtyň ýaşlaryň hem orta gürpdäki raýatlaryň geljegine erbet täsir ýetirýänligini belledi”.

“Täze Demokratiýa” partiýasynyň lideri Antonis Samaras Gresiýanyň peýdasy üçin, syýasy partiýalary hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Samaras Gresiýanyň halkynyň ses berişlige gatnaşmak bilen diňe bir öz isleglerini mälim etmek bilen çäklenmändigini, onuň syýasaty üýtgetmek we şol bir wagtyň özünde-de ýewronyň çäginde galmak üçin syýasatçylara ygtyýar berenligini, ukyply hökümetiň döredilmegine ygtyýar berenligini belledi.

Muňa garamazdan, “Syriza” partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras “PASOK” we “Täze Demokratiýa” partiýasy bilen isledik koalisiýa gatnaşmakdan boýun gaçyrdy. Ol “jenaýatçylyga şärik bolmak islemeýänligini” aýtdy.

Halkara kömegi

Ýewropanyň liderleri Gresiýa duýduryş berdiler we bu ýurt öň gelnen ylalaşyklary berjaý etmese, onda gaýdyp kömek pulunyň berilmejegini duýdurdylar.

Gresiýanyň syýasy partiýalarynyň günüň dowamyndaky gepleşiklerde özara ylalaşyga geljekdiklerine baglanýan umytlar gowşak görünýär.

“Demokratik çepçiler” partiýasy “PASOK” we “Täze demokratiýa” partiýalary bilen koalisiýa diňe “Syriza” bilen bilelikde gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Köpçüligiň pikirini öwrenmek üçin geçirilen barlaglara görä, täze saýlawlar geçirilen ýagdaýynda, “Syriza” partiýasynyň üstün çykmagy mümkin. Ýurduň ykdysadyýetini durnuklylaşdyrmak boýunça 310 milliard dollarlyk halkara ýardamyna garşy çykyş edýän syýasy toparlara ilat arasynda bildirilýän goldaw gitdigiçe güýçlenýär.

Analitikleriň sözlerine görä, bu ýagdaý Gresiýanyň ykdysadyýetiniň tiz çökmegine we onuň ýewro giňişliginden çykmagyna getirip biler.
XS
SM
MD
LG