Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada koalisiýa hökümetini döretmekligiň sorag astyndadygy aýdylýar


Ykdysady krizisi başdan geçirýän Gresiýanyň syýasy durmuşynda çykgynsyz ýagdaý indi ikinji hepde dowam edýär. Ýurduň syýasy partiýalarynyň liderleri koalisiýa hökümetini döretmekde we täze saýlawlaryň öňüni almakda şowsuzlygy başdan geçirýärler.

Bu baradaky gepleşikler duşenbe güni giçlik täzeden geçirilýär. Bu meselede üstünlik gazanmak mümkinçiliginiň azdygy aýdylýar.

Az sanly “Çepçi Demokrat” partiýasy konserwatiw we sosialist partiýalaryň arasynda koalisiýany döretmäge has meýilli hasaplanypdy. Ýöne ýurtdaky anti-krizis çärelerine garşy durýan radikal çepçi “Syriza” partiýasy koalisiýa goşulmajakdygyny mälim edenden soň, duşenbe güni “Çepçi Demokrat” partiýasynyň lideri Fotis Kouwelis “hiç hili hökümet bileleşigi” döremez diýdi.

“Syrizanyň” lideri Aleksis Tsipras krizisden çykmak üçin berk çäreleriň tarapynda durýan konserwatorlar we sosialistler bilen ylalaşmajakdygyny aýtdy.

310 milliard dollarlyk kömegi almak baradaky ylalaşygyny ýerine ýetirmegi üçin, Ýewropanyň liderleri Gresiýa basyş edýärler. Bu ylalaşyga görä, ÝB-den maliýe kömegini alan ýagdaýynda, Gresiýa berk anti-krizis çärelerini ýola goýmaly bolýar.
XS
SM
MD
LG